TÜRKI DÜNÝÄSINIŇ TÄSIRLI ESERLERI

     Garaşsyz Türkmenistan Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny yzygiderli amala aşyryp, hyzmatdaş ýurtlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda iri halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürýär.

     Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň guramagynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 18-20-nji oktýabr aýynyň aralygynda, Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň çäklerinde Türki döwletleriň suratkeşleriniň döredijilik duşuşygy geçirildi. Festiwalyň çäginde Merkezi Aziýanyň suratkeşleri Türkmenistanyň çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde surat çekmek boýunça ussatlyk tejribelikleri alyşdylar. Bu abraýly çärä Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary A. Myradow, W. Gurdow, M. Hudaýberdiýew, Z. Babaýew dagylar hem gatnaşdylar. Festiwalyň çäginde ussat suratkeşler ýurdumyzyň Seýitjemaleddin ýadygärligine, Ak bugdaý muzeýine, Garaşsyzlyk binasyna we başga-da medeni maksatly ýerlere aýlanyp gördüler. Bu duşuşyga TÜRKSOÝ guramasynyň agzalary Azerbeýjanyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň hem-de Türkmenistanyň belli suratkeşleri gatnaşdylar. Duşuşygyň netijesinde suratkeşler öz döreden birnäçe ajaýyp eserlerini sergiläp halk köpçüligine hödürlediler.

     Bu döredijilik duşuşygyna gatnaşan belli suratkeşleriň biri hem Türkiýe döwletinden gelen professor Gülweli Kaýa, ol Istanbul şäheriniň Ýedidepe Uniwersitetinde “Gözel senetler” fakultetiniň dekany wezipesinde işleýär. Gülweli Kaýa öz jogapkärçilikli işine garamazdan, sergä “Göreş meýdany” atly uly işi bilen gatnaşdy. Onuň bu eseriniň uzynlygy 100 sm, ini bolsa 120 sm barabardyr. Pelsepewi mazmunlylygy bilen geň galdyrýan bu eser ýelim bilen kagyzdan ýerine ýetirilipdir. Eser diptih görnüşinde ýerine ýetirilip, sergä gelen ähli tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi. Awtor birinji eserinde ak ýerligiň üstünde gök reňk bilen dyrnak şekilli çyzyklary ýyrtyp ýerine ýetiripdir. Beýlekisini bolsa, gara ýerligiň üstüne ak reňkde ýerine ýetiripdir. Eser sungatyň abstraksiýa görnüşi bilen baglanşyklydyr. Gülweli Kaýanyň özüniň aýtmagyna görä: “Meniň üçin bu eseriň çuň manysy bar. Göni çyzyklaryň üsti bilen gidýän her dürli inçe-ýogyn deň bolmadyk çyzyklary awtor, “Adamlaryň durmuşyndaky göreş” diýip, düşündirýär. Şeýle hem ol: “Her bir adamyň öz durmuşyna bolan söweşiniň, geljegine bolan arzuwynyň bardygyny aýdýar. Eserdäki çyzyklary her bir adam öz durmuşy bilen baglanyşdyryp, wagt, minut, gün, aý, ýyllar manysynda hem görüp bolýar” diýip belläp geçýär. Eseriň bir böleginiň ýerliginiň ak bolmagy ol Türkmenistanyň paýtagty ak mermerler bilen örtülen Aşgabat şäherine bagyşlaýar. Ikinji böleginiň ýerligi gara reňkde bolup, onuň çyzyklary açyk ak, gök reňklerde ýerine ýetirilipdir. Bu bölek bolsa Türkmeniň Beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlanyp döredilipdir. Eserdäki her bir çyzyk Magtymgulynyň döreden ajaýyp eserleriniň mysalynda görkezilipdir. Suratkeş eseriň bu böleginiň ýerligini gara reňk bilen örtmeginiň sebäbini şeýle düşündirýär: “Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bize garaňkylykdan ýagty durmuşa çykmagy öwretdi, onuň her bir döreden goşgulary adamlaryň durmuşyna uly täsirini ýetirýär hem-de garaňkylykdan ýagtylyga alyp barýar. Men hem Magtymguly Pyragynyň goşgularyny söýüp okaýaryn” diýip nygtaýar.

     Şeýle medeni gatnaşyklaryň çäginde türki dünýäsiniň medeniýeti, sungaty bilen baglanyşykly bolan birnäçe täsirli eserler tomaşaçylarda ýatdan çykmajak pursatlary galdyrýar. Türkmenistan Watanymyzda medeni gatnaşyklary ösdürmek esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şeýle medeni gatnaşyklary ösdürmäge, onuň gerimini giňeltmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

 

Bägül HOJANYÝAZOWA,

“Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň

“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň

4-nji ýyl talyby.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 0 okalan

DIL ÖWRETMEGIŇ DÖWREBAP TAGLYMATY

20 Noýabr 2024 | 2 okalan

TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK