MAŞGALA MUKADDESLIGI

     Türkmen maşgalasyna agzybirlik, asudalyk, birek–birege hormat goýmak, ulyny sylamak, kiçini söýmek, sabyr – kanagatlylyk ýaly iň gowy gylyk-häsiýetler mahsusdyr. Hormatly Prezidentimiz ösüp gelýän ýaş nesilleri millilik ýörelgeleri esasynda terbiýelemek hakynda berýän tabşyryklaryndan, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň «Watançy nesillerimiziň maşgala ojagynyň asylly däplerini we milli ýörelgelerimizi dowam etmeli» diýen sözlerinden ugur alyp Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda «Edep altyndan gymmat» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap bölümi bilen bilelikde guramagynda geçirilen çäräniň maksady ýurdumyzyň zenanlaryna, gadymy ene-mamalarymyzdan gelýän milli ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy, edep-kadalarymyzy, ruhy, medeni gymmatlyklarymyzy wagyz etmekden ybarat boldy. Gahryman Arkadagymyz terbiýäniň esasyny milliligiň we halallygyň düzmelidigini nygtamak bilen, onuň düýp manysy jemgyýetiň ähli agzasyny ýeke-täk dogry ýola gönükdirmekden, ýagny uludan-kiçä hemmäniň aňyny özgertmekden, hakykata hyzmat etmeklerini gazanmakdan ybaratdygyny ylmy taýdan subut etdi. Bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň ýokary netije berýändigini türkmen halkynyň mizemez agzybirliginiň has-da pugtalanýandygynyň üsti bilen aýdyň görmek bolýar.

 

Oguljahan TÖRÄÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 0 okalan

DIL ÖWRETMEGIŇ DÖWREBAP TAGLYMATY

20 Noýabr 2024 | 2 okalan

TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK