Şu günler eziz Watanymyzda yklymyň iri sport ýaryşyny — Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny mynasyp garşy almak üçin uly guramaçylyk we ruhubelentlik ýagdaýda taýýarlyk görülýär.
Häzirki wagtda 17 atly çapyksuwaryň gatnaşmagyndaky dabaraly atly ýöriş Lebap welaýatynda dowam edýär. Gollarynda ýurdumyzyň ýaşyl Tugy, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagy we Olimpiýa alawynyň nyşany bolan atlylara gözüň düşende, Garaşsyz we Bitarap Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza buýsanç duýgulary has-da joşýar. Ýaşyl sähralara, dag-düzlere bezeg berýän gül-gunçalaryň, gülälekleriň arasy bilen taryhy ýadygärlikleri we döwrebap desgalary synlap gelýän atly ýörişe gatnaşýan milli eşikli ýigitler ýerli ilat tarapyndan duz-çörekli garşylanyp, olaryň baran ýerleri toý-baýrama öwrülýär.
Atly ýigitleriň Atamyrat etrabynyň çäginde ýerleşýän taryhy ýadygärlikler bilen tanyşmaklary ýaşlar üçin ajaýyp göreldedir. Atly ýigitler binagärlik aýratynlyklary bilen ünsüňi özüne çekýän, XI — XII asyrlarda bina edilen «Astanababa» we «Alamberdar» kümmetlerine zyýarata bardylar. Gurlanyna köp wagtyň geçendigine garamazdan, binalaryň gowy saklanyp galandygy örän täsindir. Atlylar bu ýerden uzak bolmadyk sport mekdebine hem bardylar. Bu ýerde sportuň dürli görnüşi bilen meşgullanmaga şertler bar. Sport mekdebinde tälim alýan türgenler atly ýörişe gatnaşýan ýigitler üçin göreş boýunça ýörite görkezme çykyşlary taýýarladylar. Şeýle hem woleýbol, tennis, şaşka we küşt boýunça ýaryşlar geçirildi.
Halaç etrabyna tarap ýola düşen atlylar uly obalaryň biri bolan Çohpetde obasyndaky Atamyrat — Türkmenbaşy ulag ýolunyň ugrunda ýerleşýän Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah ýüplük egriji kärhanasynda myhmançylykda boldular. Kärhananyň binasynyň öňünde Türkmenistanyň dokma fabriklerinde öndürilýän önümleriň sergisi hem guraldy. Atly ýörişe gatnaşýan ýigitler bu ýerde ýaşululardyr enelerimiz bilen birlikde ýadygärlik bag nahallaryny oturtmak çäresine gatnaşdylar.
Ýörişe gatnaşyjylar bu ýerdäki çeper halyçylyk kärhanasyna geldiler. Atlylaryň beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň bilim alan ýeri bolan Idris baba medresesine zyýaraty örän tolgundyryjy boldy. Bu ýerdäki Magtymguly obasynyň adamlary atly ýörişe gatnaşan ýigitleri duz-çörek bilen garşy aldylar. Medresäniň öňündäki meýdançada toý dabarasy gurnaldy. Seýdi, Zelili, Mollanepes, Kemine, Mätäji ýaly şahyrlaryň çeper keşpleriniň döredilmegi, goşgularynyň okalmagy, bagşylaryň belent owaz bilen şirin aýdymlary aýtmagy, gelin-gyzlaryň üme gurap, el işlerini görkezmegi dabara aýratyn bezeg berdi.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça guralan, Aziada — 2017-niň özboluşly buşlukçysyna öwrülen atly ýörişiň diňe milli mirasymyzy wasp etmekde däl, eýsem ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde hem uly ähmiýeti bardyr. Ýaş türgenleriň höweslendirilmegi hem-de goldanylmagy, öz işine ussat ýokary hünärli tälimçileriň taýýarlanylmagy babatda döwletimiziň yzygiderli alada etmegi türkmen sportunyň has-da ösmegine täsir edýär. Atly ýörişe gatnaşyjylaryň ýollarynyň mundan beýläk-de ak bolmagyny arzuw edýäris. Buýsançly menzillere badalga berýän hormatly Prezidentimiziň işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Aýna ROZYÝEWA,
Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
“Nesil” gazeti,
04.04.2017ý.












