Daşky gurşawy goramak, tebigaty, onuň gymmatly ýerasty we ýerüsti baýlyklaryny aýawly saklamak babatynda uly işler durmuşa geçirilýär. Daşky gurşawa zyýansyz, senagat taýdan arassa zawod-fabrikler gurlup, ulanylmaga berilýär. Kärhanalar ilatly ýerlerden uzakda gurulýar, olaryň töwereklerine bag nahallary oturdylyp, howanyň hapalanmagynyň öňi alynýar. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň hut özi zähmetsöýerligiň, tebigata söýginiň belent nusgasyny görkezýär. Ýurdumyzda adamyň saglygy we ýaşaýyş derejesiniň gowulandyrylmagy ugrunda uly tagallalar edilýär we bu ugurda ýurdumyz BMG hem-de beýleki halkara guramalar bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklaýar. Garaşsyz Türkmenistan BMG-niň ýöredýän maksatnamalaryny doly derejede goldaýar.
Biziň ýokary okuw mekdebimiz hem BMG-niň ýakyn hyzmatdaşy hökmünde tanalýar. Ýeri gelende bellesek, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti 2015-nji ýylda BMG-niň Akademiki täsir hereketine hem goşulypdy. Geçen ýylyň sentýabrynda uniwersitetimiziň talyplarynyň guramagynda “UN Model” gurnagy geçirildi. Bu gurnaga BMG-den hem birnäçe wekiller gatnaşyp, talyplara degerli maslahatlary berdiler.
Uniwersitetimizde bilim alýan talyplar ýurdumyzda öňe sürülýän asylly ýörelgelere mynasyp goşant goşmak ugrunda yhlas edýärler. Muňa mysal edip, golaýda talyplaryň amala aşyran ekologiýamyza peýdaly işini görkezmek ýerlikli bolar. Uniwersitetiň žurnalistika, filosofiýa we sosiologiýa hünärlerinde bilim alýan talyplar okuw ýylynyň dowamynda ulanylan kagyz önümlerini toplap, kagyz önümçiligi kärhanasyna tabşyrdylar. Olaryň bu peýdaly işe agzybir gatnaşmagy netijesinde iki ýüz kilogramdan gowrak ulanylan kagyz önümleri jemlendi. Şeýle işleriň talyplar tarapyndan her ýylda ýerine ýetirilýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Ylmyň we tehnologiýanyň görlüp eşidilmedik derejede ösýän döwründe kagyz önümçiligi hem kämilleşýär, kagyz önümleri ilatyň iň köp sarp edýän önümine öwrülýär. Kagyz önümçiliginde agaç giňden peýdalanylýar. Agaçlaryň kagyz önümçiliginde, az mukdarda bolsa hem, ulanylmagy tokaýlaryň meýdanynyň azalmagyna getirýär. Bu bolsa howanyň arassalanmagynda möhüm orna eýe bolan agaçlaryň öz işini dowam etdirmegine bökdençlik döredýär. Şonuň üçin hem ulanylan kagyzlary gaýtadan önümçilige ugratmak ekologiýamyzyň arassa bolmagyna uly peýda getirýär.
Maral KAKABAÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň
žurnalistika hünäriniň talyby.
“Nesil” gazeti,
04.04.2017ý.












