AT-OWAZY DÜNÝÄ DOLAN BEDEWLER

Ýaşlaryň arasynda atçylyk sportuny ösdürmek, çapyksuwarlaryň hünär we taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem «behişdi bedewlerimiziň» şan-şöhratyny dünýä ýaýmak maksady bilen, Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Bu çäreler ata-babalarymyzyň «At — myrat» diýen paýhasyndan gözbaş alýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ahalteke bedewi döredijiligiň we ösüşiň, täze belentliklere tarap okgunly hereketiň, milli baý mirasyň ajaýyp beýanyna, türkmen halkynyň döredijilik zehininiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Milli we dünýä medeniýetiniň taryhy ajaýyplygy bolmak bilen, ahalteke bedewi ýurdumyzyň üstünlikleriniň belent nyşany, ata-babalarymyzyň amala aşan arzuwynyň keşbi hem bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, bedewleriň bu özboluşly tohumyna örän belet we oňa uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda belleýşi ýaly, ahalteke bedewleri diňe bir däp bolan at çapyşyklarynda däl, eýsem atçylyk sportunyň beýleki görnüşlerinde hem ajaýyp netijeleri görkezýärler. Ahalteke bedewleriniň görnükli wekilleri dünýä atçylyk sportunyň we Olimpiýa hereketiniň taryhynda öz mynasyp ornuny tapdylar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlyk etmeginde milli atçylygy ösdürmek boýunça yzygiderli ýagdaýda amala aşyrylýan işler ýurdumyzyň bir wagtlar dünýä ajaýyp ahalteke bedewini bagyş eden we häzirki wagtda dünýä medeniýetiniň bu baýlygyny geljekki nesiller üçin aýawly saklaýan uly halkara merkez bolup durýandygyny dolulygyna äşgär edýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda bedew ählihalk söýgüsine mynasyp bolup, asyrlaryň dowamynda nesilleriň arabaglanyşygyny, maksatlaryny we üstünliklerini, zähmetiň, joşgunyň we döredijiligiň sazlaşygyny täsirli görnüşde äşgär edýär. Hormatly Prezidentimiz ahalteke bedewini aýawly saklamakda we onuň dünýädäki at-abraýyny has-da beýgeltmekde uly işleri bitirýär. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça atçylyk pudagy täze sepgide ýetirildi. Ýurdumyzda bu pudagyň düzümini ösdürmek, arassa tohumlara degişli ahalteke bedewleriniň sanyny artdyrmak, şu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, atçylyk sportunyň görnüşlerini we atçylyk boýunça milli ýörelgeleri wagyz etmek babatda ozal görlüp-eşidilmedik çäreler amala aşyrylýar.

Bedewlerimiziň reňkiniň ýüpek öwüşginli häsiýeti, olaryň görkana we nepis keşbi, guşlaryň uçuşy kimin ýeňil, okgunly çapyşy, şeýle hem egsilmez güýç-kuwwaty öz işinde uly sepgitlere ýeten ussatlaryň, seýisleriň, zähmetsöýer atşynaslaryň yhlasly zähmetiniň netijesi bolup durýar. Wagt ahalteke atlarynyň şöhratynyň hiç haçan öçmejekdigini tassyklady. Olaryň şöhraty döwürleriň içinden geçip, diňe ýeke gezek görenleriň hem ählisiniň ýüreklerini maýyl edip, barha belende galar.

Türkmenistanda sportuň täze görnüşleriniň ösmegi bilen bir hatarda, onuň gadymdan gelýän milli görnüşleri hem meşhurlygyny saklaýar. Şunda ýazky we güýzki at çapyşyklaryna, milli baýramlara gabatlanýan at çapyşyklaryna aýratyn orun degişli bolup, olar ýurdumyzyň atçylyk sport toplumlarynda janköýerleriň köpsanlysyny jemleýär. Atçylyk sporty — jemgyýetimiziň durmuşynda aýratyn orun eýeläp, milletiň mirasy bolup durýar we täze ýeňişleri bolan okgunly hereketi beýan edýän taryhy döwri alamatlandyrýar.

Türkmenler asyrlar boýy gaýduwsyz serkerdeleri we ussat çapyksuwarlary bilen tanalypdyr. Bu gün bolsa halkymyz täze taryhy döredip, asuda ene topragynda täze bagtly durmuşyny gurýar. Ahalteke bedewleri bolsa hemişekisi ýaly milletiň durmuşynda uly orun eýeleýär. Ýöne olaryň wezipesi indi gözelligi, täsin sazlaşygy bilen eziz Watanymyza bolan buýsanç duýgusyna we belent maksatlara sagdynlygy, ruhubelentligi, kämillige ymtylmagy utgaşdyrmak bolup durýar.

Türkmenistanda atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini wagyz etmäge uly üns berilýär. Ýylyň dowamynda geçirilýän möwsümleýin at çapyşyklary milli atçylyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek, ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça tohumçylyk işini kämilleşdirmek, çapyksuwarlary we sport bedewlerini halkara ýaryşlaryna taýýarlamak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Bu çäreler Berkarar döwletimizde atçylygy ösdürmek, dünýäde «behişdi bedewleri» giňden wagyz etmek, ilkinji nobatda bolsa, ahalteke bedewiniň tohumyny aýawly saklamak we ähmiýetini artdyrmak boýunça hünärmenleriň özara netijeli hyzmatdaşlyk etmegi we peýdaly tejribäni alyşmagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegine gönükdirilendir. Geçirilýän bu çärelere gatnaşmaga isleg bildirýän daşary ýurtlularyň sanynyň barha artmagy Arkadag Prezidentimiziň tagallasy bilen ahalteke bedewiniň şan-şöhratynyň dünýä dolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

«Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» diýen hormatly ada eýe bolan döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewleriniň hakyky muşdagy, janköýeri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, şahsy göreldesi we goldawy bilen milli atçylyk sportuny ösdürmäge, onuň halkara abraýyny artdyrmaga ägirt uly goşant goşdy. Ajaýyp bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da artdyrýan Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

“Nesil” gazeti,

13.04.2017ý.

 

Meňzeş habarlar