Çagalar durmuşymyzyň güli, ata-enäniň guwanjy hem-de ýurdumyzyň geljegidir. Olaryň hukuklarynyň goraglylygy we ýaşlar hakyndaky alada ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň geljeginiň goraglylygydyr, röwşen geljegiň aladasydyr. Geljegimizi bagtyýar ýaş nesliň terbiýesinde görýän milli Liderimiziň tagallasy bilen bu ugurda döredilýän ähli şertler ildeşlerimizde uly buýsanç döredýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Adamyň hukuklarynyň ählumumy jarnamasynda çagalaryň aýratyn alada we kömege hukugynyň bardygy jar edilýär. Şundan ugur alnyp, 1989-njy ýylda kabul edilen we Türkmenistanyň goşulan Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýada bellenilişi ýaly, çaganyň şahsyýetiniň doly we sazlaşykly ösmegi üçin maşgala gurşawynda, bagtyýarlyk, söýgi we düşünişmek ýagdaýynda kemala gelmegi zerurdyr.
Maşgala jemgyýetiň esasy öýjügi, çagalaryň ösmegi we abadançylygy üçin tebigy gurşaw bolup, onuň öz borçlaryny doly ýerine ýetirip bilmegi üçin şertler döredilýär. Türkmenistanyň Maşgala Kodeksiniň «Ata-eneleriň, çagalaryň we beýleki garyndaşlaryň özara gatnaşyklary» atly IV bölüminde çagalaryň hukuklary anyk kesgitlenilýär.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaşlaryň saglygy goraýyş we lukmançylyk ulgamynyň has kämil hyzmatlaryndan peýdalanmaga bolan hukuklarynyň goraglylygyna uly üns berilýär. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça ýörite «Ene mähri» merkezleri hereket edýär. Ýurdumyzda her bir raýatyň durmuş goraglylygy barada edilýän aladalar maşgalada çaganyň beden, akyl, ruhy, ahlak we jemgyýetçilik taýdan ösmegi üçin şertleri üpjün edýär.
Ýurdumyz her bir çaganyň bilim almaga bolan hukugyny ykrar etmek bilen, olaryň mugt we hökmany başlangyç bilim almagyny, ukyp-başarnygyna, zehinine laýyk hünärli bolup ýetişmegini gazanýar. Bilimiň hilini yzygiderli ýokarlandyrmak maksady bilen, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli ýokarlandyrylýar. Ýaşlar diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem daşary ýurtlaryň abraýly bilim ojaklarynda-da bilim alýarlar.
Çaganyň sazlaşykly ösmegi we jemgyýete goşulmagy üçin halkyň däpleriniň we beýleki medeni gymmatlyklarynyň möhümdigi nazara alnyp, ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda ýörite maksatnamalaýyn esasda, milli gymmatlyklarymyz ýaşlaryň aňyna ornaşdyrylýar.
Ýaşlaryň öz aýratynlyklaryny saklap galmaklary we öz garaýyşlaryny erkin beýan etmekleri üçin bilim-terbiýeçilik işinde ýörite usullardan peýdalanylýar. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we olary höweslendirmek, ýöriteleşdirmek işi netijeli guralýar. Çaganyň kämilleşmegi, aňynyň ösmegi üçin maglumatlaryň oňa elýeterli bolmagy barada alada edilip, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýörite çagalar neşirleri, teleradiogepleşikler taýýarlanylýar, çagalar üçin edebiýatlar çap edilýär.
Türkmenistanyň Zähmet Kodeksinde çaga seretmek bilen bagly zenanlaryň işini guramakda birnäçe ýeňillikler göz öňünde tutulýar. Şeýle-de aýratyn bapda on sekiz ýaşyna ýetmedik işgärleriň zähmetini düzgünleşdirmegiň aýratynlyklary beýan edilýär. Bagtyýarlyk döwrümizde ýaşlaryň dynç almaga, medeni durmuşa gatnaşmaga, sungat we döredijilik bilen meşgullanmaga bolan hukuklarynyň hem ýokary derejede goralýandygyny anyk mysallarda görmek bolýar. Çagalar sungat mekdepleriniň, döredijilik gurnaklarynyň, medeniýet öýleriniň we merkezleriniň döwrebaplaşdyrylmagy, halypa-şägirtlik mekdebiniň ösdürilmegi öz miwesini berýär. Ýaşlar üçin ýurdumyzyň iň gözel künjeklerindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde gyzykly hem-de täsirli dynç alyş möwsümleri guralýar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, hukuk goraýjy edaralaryň we degişli ylym ojaklarynyň wekilleri ýaşlaryň arasynda olaryň hukuklaryny yzygiderli düşündirýärler, bu ugurdaky döwlet syýasatyny wagyz edýärler. Golaýda Türkmen oba hojalyk institutynda ýerleşýän Daşoguz welaýatynyň Adam hukuklary boýunça maglumat merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň guramagynda «tegelek stoluň» başyndaky okuw maslahaty geçirildi. Oňa hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, welaýatyň işjeň ýaşlary we institutyň professor-mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýa, «Döwlet ýaşlar syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy we ýaşlaryň hukuklary barada gürrüň berdiler. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasynda döwletiň ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýändigi we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýändigi barada bellenilýändigi, döwlet derejesinde ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ählitaraplaýyn alada edilýändigi nygtaldy. Hukuk goraýjy işgärler ýaşlaryň emläkleýin we emläkleýin däl hukuklary barada düşündiriş berdiler.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda durmuşa geçirýän beýik özgertmelerini wagyz etmek, döwletimiziň ýaşlar syýasatyny düşündirmek boýunça alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşmak her birimiz üçin bagtdyr hem-de uly jogapkärçilikdir. Ýaşlaryň ählitaraplaýyn kämilleşmegi üçin giň şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza çäksiz sagbolsun aýdýarys.
Rahmanberdi GÖKLEŇOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
“Nesil” gazeti,
20.04.2017ý.