Hormatly Prezidentimiz: «Häzirki wagtda ylym-bilimi ösdürmezden, çylşyrymly tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamazdan, dünýäniň okgunly ösüşine goşulmak, döwür bilen aýakdaş gitmek asla mümkin däl» diýip belleýär. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek we ýaş hünärmenleri taýýarlamak meselesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir.
Ýaşlary hünärlere gönükdirmek boýunça bilim-terbiýeçilik işlerini yzygiderli we döwrüň ýokary talaplaryna laýyk derejede alyp barmak we kämilleşdirmek, ýaş nesilde zähmetsöýerligi terbiýelemek her bir maşgalanyň, bilim-terbiýeçilik edaralarynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir. Munuň özi döwletimizde bilim ulgamyny döwrebap ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işleriň iňňän uzaklary nazarlaýandygyny hem-de çuňňur mana eýedigini görkezýär. Çünki hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy: halka daýanyp, halkyň hatyrasyna” atly ylmy-filosofiki eserinde: “Häzirki zaman jemgyýeti hakyky gymmatlyklaryň baýlyklarda däl-de, eýsem adamlardadygyny, olaryň bilimindedigini, hünär derejesindedigini we zähmetiniň netijesindedigini görkezýär” diýip belleýär.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň açylmagy bilen bu ýokary okuw mekdebinde himiýa we biotehnologiýalar; metallurgiýa, maşyn gurluşygy we metallary işläp taýýarlamak; nanotehnologiýalar we nanoserişdeler; tebigy ylymlar; informatika we hasaplaýjy tehnika; awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak; elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamy ugurlarynyň her birinde ýöriteleşdirmäniň öz ulgamynyň hereket etjekdigi ýurdumyzyň bilim ulgamyna bu ugurda dünýäde toplanan tejribäniň düýpli ornaşdyrylýandygyny görkezýär. Bu ýokary okuw mekdebinde ýaponiýaly mugallymlaryň gatnaşmagynda ýapon okuw maksatnamasynyň binýadynda bilim bermek işini guramagyň ýola goýlandygy hem buýsandyryjy ýagdaýlaryň biridir. Bilim, ylmy-tehniki ulgamlarda bu ösen döwletler bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek babatdaky üstünlikler ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ýapon diliniň öwrenilmeginiň, dünýä belli Sukuba uniwersiteti bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň mysalynda aýdyň görünýär.
Mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimleriň hiline üns berlip, mekdep okuwçylarynda okuwa bolan höwesi kämilleşdirmek esasynda olary ýaşlyk ýyllaryndan başlap hünärlere gönükdirmek zerurlyk bolup durýar. Bagtyýarlyk döwrümizde bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň esasy maksady mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlara çuňňur ylym-bilim, ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny öwretmekden ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň ýaşaýan döwrümiziň iň gymmatly baýlygy, iň güýçli gudraty bilimdir. Ýaşlara berilýän bilimiň we ylmyň kämil bolmagy giň dünýägaraýyşly nesilleriň kemala gelmegine şert döredýär. Hünäre ugrukdyrmak işi ýaşlaryň höweslerine, islegine, meýillerine, ukyp-başarnygyna baglylykda durmuşa geçirilmeli. Öz hünärine ussat adamlar şahsyýet derejesinde kemala gelmek bilen, jemgyýetiň ösüşine öz mynasyp goşandyny goşmagy başarýarlar. Geljekki meşgullanjak hünäriňi dogry saýlap almak işiň netijesine özboluşly täsir edýär.
Ýaşlary hünärlere ugrukdyrmakda mugallym diňe bir hünärler barada bilim bermek bilen çäklenmän, eýsem okuwçylaryň ol bilimleri nähili derejede özleşdirýändiklerine-de üns bermelidir. Okuwçylara hünär barada bilim bermekde synpdan daşary geçirilýän çäreleriň ähmiýeti örän uludyr. Sapakdan daşary geçirilýän çäreler okuwçylaryň islegleriniň esasynda guralýar. Bu bolsa olaryň hünärler baradaky garaýyşlarynyň ösmegine täsir edýär. Hünär barada bilim bermek işlerinde diňe bir hünärler bilen tanyşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem okuwçylarda hünäre bolan söýgini hem kemala getirmelidir.
Dürli hünärler boýunça işleriň mazmuny, häsiýeti, şerti bilen ýakyndan tanyşmakda gezelençleriň ähmiýeti uludyr. Ýaşlar gezelenç wagtynda önümçilikde alnyp barylýan işleriň yzygiderliligini synlamak bilen, olar barada düşünje alýarlar we hünärmeniň işi bilen ýakyndan tanyşýarlar. Bularyň hemmesi geljekki hünärmenlerde öz hünärine bolan islegi artdyrýar. Hormatly Prezidentimiz: “Her bir mugallym müňýyllyklaryň dowamynda toplanan tejribäni çuňňur öwrenmelidir we durmuşda şol tejribä daýanmalydyr. Şonuň bilen birlikde okatmak, bilim bermek, hünär öwrenmek işinde ulanylýan innowasion usullar ylmyň, maglumatlar tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryna esaslanmalydyr” diýip belleýär. Munuň özi häzirki döwürde guralýan okuw işiniň döwrüň talabyna laýyklykda pedagogiki tehnologiýa daýanmalydygyny aňladýar.
Zähmet terbiýesi ýaş nesli hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen kämil şahsyýetler edip ýetişdirmegiň möhüm ugurlarynyň biri hasaplanýar. Ýaş nesle zähmet terbiýesi berlende, olaryň ýerine ýetirýän işlerinden, çekýän zähmetinden lezzet alyp bilmegini gazanmaly hem-de ýaşlarda halal zähmete guwanç we buýsanç döretmeli. Şahsyýetiň zähmet terbiýesi maşgaladan başlanýar. Ol soňra çagalar baglarynda we mekdepde ösdürilýär, kämilleşdirilýär.
Ýaşlaryň özüne mynasyp hünär saýlap bilmegi ynsan durmuşynyň iň bir möhüm meseleleriniň biri bolmak bilen, bu işe ata-ene-de, mugallym-halypa hem özboluşly goşant goşmalydyr. Ýaşlaryň göwün söýen hünärlerini ele almaga ähli mümkinçilikleri döredýän milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Janabaý ŞYHYÝEW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň
pedagogika kafedrasynyň müdiri,
pedagogika ylymlarynyň kandidaty.
“Nesil” gazeti,
22.04.2017ý.