ITIŇ HALY DOKAÝŞY

     Il içinde haýsydyr bir soňy gelmeýän, wagty bilen bitmeýän işe «Itiň haly dokaýşy ýaly» diýilýän ýagdaýlary bolýar. Halkyň arasyndaky dile sarpa goýýan adamlar şunuň bilen baglanyşykly rowaýaty özünden öňki nesillerden eşidip, şu günlere ýetiripdirler. Ol rowaýat şeýle bolmaly. Gyşyň aňzagynda, şatlama sowukda sümere ýyly ýer tapman, ykyşak ýerlerde sowukdan gagşap ýatan it öz-özüne wada berýärmiş. «Eger şu gyşdan sag-aman çyksam, tomus geler welin, indiki gyşda gagşamaz ýaly, bir halyjyk dokanaryn. Ony aşagyma ýazaryn-da, ýylyjak ýerde ýataryn» diýip, arzuw-hyýal edermiş. Togsan dolup, ýere ýyly gidende-de, tomsuň jokrama yssysy düşende-de, it özüniň gyşyň uzak gijelerini syňsyraklap geçirendigini unudýarmyş. Gaýta «kim egirer-de, kim dokar» diýip, dilini sallap, hassyldap, kölegeden-kölegä aýlanyp ýöreýärmiş.

 

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ

«TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» KITABYNDAN

Indiki makala

NUHUŇ TUPANY

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 7 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 398 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 386 okalan

KESIR