Nuhuň tupany diýip eşiden bolsaňyz gerek. Baýbaý-ow, telim günläp çabgaly ýagyş ýagypdyr. Şeýle bir apy-tupan turupdyr welin, diýip aýdar ýaly däl. Dünýäniň ähli ýeri suwuň astynda galypdyr. Nuh pygamber tupanyň boljagyny bilip, öňünden taýýarlanýar. Nuh pygamber äpet gämi ýasapdyr, şol gämä adamlary, soňra bolsa haýwanlary hem jübüt-jübütden mündüripdir. Ine, birden gäminiň böwri deşiläýmezmi?! Adamlar deşigi bekläp bilmändirler. Nuh aleýhyssalam haýwanlardan delalat isläpdir:
– Kimde-kim şol deşigi bekläp bilse, dünýäde islän zadyny berjek. Gäminiň meýdançasynda ýüp ýaly düýrlenip ýatan äpet ýylan bu işi bitirmäge döwtalap bolupdyr.
– Maňa iň süýji etden bir dadymlyk berseňiz, ýeke damja suw hem syzmaz ýaly ederin – diýipdir. Ýylanyň şerti bilen bada-bat ylalaşypdyrlar. Ýylan bütin göwresi bilen deşige dyky bolup, gäminiň içine suw geçirmändir. Çybyna iň süýji eti kesgitläp, ýylanyň ýumşuny bitirmek buýrulypdyr. Ol uçup gidipdir. Neşderini sanjyp, her jandaryň etiniň tagamyny dadypdyr, ýöne adamyň ýanyndan aýrylasy gelmändir. Gelibem gören-eşidenini habar bermekçi bolupdyr welin, garlawaç:
– Çybyn dost, diliňde şol süýji tagam galdymyka, hany, menem göreýin?! – diýipdir. Şolbada çybyn dilini çykarypdyr. Garlawajam ondan çokupdyr. Şondan soň çybyn wyzzyldap, gürläp bilmändir. Muňa ýylanyň gahary gelip:
– Heý, munuň wyz-wyzyna düşünýän barmy? – diýip gygyrypdyr.
Garlawaç oňa:
– Çybyn: «Gurbaga etini iýseň, tagamyny hiç unutmarsyň» diýýär – diýip, düşündiriş beripdir. Ýylan garlawaçdan bir belanyň ýetendigini aňypdyr- da, agzyny açyp, oňa tarap topulypdyr. Garlawaç uçup ýetişse-de, ýylan onuň guýrugyndan dişläp, guýrugynyň ortasyndan birnäçe ýelek goparyp alypdyr.
Garlawajyň guýrugynyň hatja ýaly bolup durmagy hem şondan galypdyr diýýärler.
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ
«TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» KITABYNDAN