Nyzamylmülk wezir örän adyl eken. Kimdir biri oňa sowgat getirse, ony hemmelere deň paýlap berýän eken. Günleriň birinde bir bagban oňa ir ýetişen hyýardan üç sanysyny getirip beripdir. Wezir üç hyýary hem özi iýip, bagbana müň dinar pul beripdir. Wezir bagyna dynç almaga baranda, hyzmatkärlerinden biri:
– Hojaýyn, siz näme üçin hyýarlaryň üçüsini hem özüňiz iýdiňiz, siziň beýle endigiňiz ýokdy ahyryn? – diýip sorapdyr.
Adyl wezir mylaýymlyk bilen jogap beripdir:
– Hyýarlar ajy eken, beýlekilere hem bersem, ajylygyna çydaman, daýhanyň göwnüne degerler diýip pikir etdim, onda daýhan hem gynanardy.
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ
«TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» KITABYNDAN.