Ýol bilen bir adam gidip barýan eken. Görse, topbak ösüp oturan agaç ýanyp dur, onuň ýokarsynda-da bir ýylan bar. Ýylana gidere ýer ýok, otdan halas bolup biljek däl. Görgüli ikiýana urunýar, haşşyldaýar. Adamyň oňa rehimi gelipdir. Ol öz-özüne:
– Gel, şu ýylany halas edeýin, ýagşylyk menden galsyn – diýipdir. Şeýle pikir bilen hem naýzasyny ýokary uzadypdyr, ýylan dessine naýzanyň daşyna dolanypdyr. Naýza bilen süýnüp gelip, adamyň engine ýetipdir, hä diýmänem, onuň boýnunyň daşyna halka bolup aýlanyp, ony berk gysyp ugrapdyr. Şonda ol adam:
– Sen näme üçin meni bogýaň? Näme, men seniň göwnüňe degdimmi? – diýipdir.
Ýylan oňa:
– Hiç kim ýagşylyga ýagşylyk edenok. Şonuň üçin menem seni şeýdýän – diýip jogap beripdir. Onda adam oňa ýalbaryp başlapdyr:
– Dur, saklan biraz, hol çynaryň ýanyna baraly-da, ondan sorap göreli. Birden agajyň maňa rehimi inip, dil bitäýse, seniň şu hereketiň nädogrudygyny aýdaýsa, meni goýber. Eger ol dillenmese, meni nätseň şeýt! Şondan soň ýylan gysmagyny biraz gowşadypdyr. Olar çynaryň ýanyna gelipdirler, ol adam aýdypdyr:
– Men şu ýylany ölümden halas etdim. Ol bolsa meni, gör, nädýär. Çynara dil bitip, şeýle diýipdir:
– Men bu gyzgyn jülgede ýeke özüm ösüp otyryn, ýolagçylar saýamda oturyp dynç alar ýaly, men bu töwerekde ýeke-täk agaç. Ine, şeýdip gyzgyndan gaçyp, meniň saýama gelýärler, menem olara salkyn howa, goýy saýa berýärin. Olar bolsa meniň şahalarymy döwýärler, käsini oda ýakýarlar, käsinden sandyjak ýasaýarlar, özleri-de: «Gör, nähili gowy agaç!» diýýärler. Hiç kim ýagşylyga ýagşylyk bilen jogap berenok. Ýylan adamyň boýnuny gysyp ugrapdyr. Adam ýene ýalbarypdyr:
– Biraz goýber, ana, hol ýerde bir öküz otlap ýör. Ýör, şondan sorap göreli.
Baryp, öküzden sorapdyrlar. Öküz olara şeýle diýipdir:
– Men ýer sürýärin, kesegi owradýaryn, gyşy bilen, ýazy bilen adamlar üçin işleýärin. Bir günem olar meni soýýarlar. Nämemiş, myhman gelenmiş. Hiç kim
ýagşylyga ýagşylyk edenok. Ýylan adamyň boýnuny gysyp ugrapdyr. Adam
ýene ýalbarypdyr:
– Ýene biraz sabyr et, ana, bir tilki gezip ýör. Ýör, şondan soraly. Gelip, tilkiden sorapdyrlar. Adam oňa öz arzyny aýdypdyr. Ýylan çynar bilen öküziň pikirini mälim edipdir. Tilki ýylana şeýle diýýär:
– Şalar şasy ýolbars meni kazy belledi. Sen ol adamyň boýnuna dolanansyň, heý, şeýle ýagdaýda menden adalata garaşýarmyň, eýsem, bu boljak zatmy? Boşat ony, ikiňizem meniň öňümde dyzyňyza çöküp duruň. Ýylan adamy goýberip, ýere düşen dessine tilki penjesi bilen onuň kellesine kakyp goýberipdir welin, ýylan ölüpdir.
– Eý, adam, meniň ýagşylygymy unutmagyn.
– Sag bol, unutmaryn. Ýöne adamyň tilkä rehimi inmändir. «Onuň derisi
ýaman gowudyr» diýip, naýzasyny onuň içinden geçirmegiň pikirini edipdir.
Tilki tilki bolýar, ol adamyň niýetine dessine düşünipdir-de, gaçyp gidipdir.
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ
«TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» KITABYNDAN.