PÄLI PES, NIÝETI GOWY

     Öňem bir möjegiň birnäçe çagasy bolupdyr, ýöne olaryň birinden özgesiniň ýa özi ölüpdir ýa-da olar awçylara aw bolupdyr. Günleriň birinde möjek özüniň şol ýeke çagasyna:

     – Ýör, balam, aw awlamaga gideli, heý bir toklujyk ýa-da guzujyk alyp bilmezmikäk? – diýipdir. Onda çagasy:

     – Aý, men şu ýerde galaýaýyn-la, gowusy, seniň özüň gidip getiräýsene – diýipdir.

     – Men niçezar saňa taýýar aw getirip berer ýörer öýdýäň?! Basym sen hem öz başyňy çarap, özbaşdak aw awlamaly bolarsyň ahyry. Şonuň üçinem meniň bilen bile gidip, aw awlamagy öwrenmegiň gerek, ýör, hany, gideli – diýip, möjek çagasyna düşündirip aýdypdyr.

     Ine, onsoň, olar tirkeşip, dereden-derä seňkildeşip ugrapdyrlar. Barýarkalar, öňlerinden bir belentlik çykypdyr. Olar şol beýigiň üstüne çykyp, aşak seredipdirler welin, hol aşakda akly-garaly goýun sürüsi agyp-dönüp, gezişip ýören eken. Goýunlaryň daşynda bolsa, iki sany daýaw köpek hem aýlanyp ýör diýýär.

     Möjegiň çagasynyň gözi bulara düşüp:

     – Eje, aý eje, ol aşakdakylar näme? – diýip sorapdyr.

     Onda ene möjek:

     – Balam, olara goýun diýerler, şol saňa getirip berýänlerim şolaryň et-ýagydyr – diýip agzyny şapbyldadypdyr.

     – Bä-ä, olar ne beýle köpelipdirler? Biz olary her näçe iýsegem, olar azalmandyrlar-la?! Seniň-ä çagaňy iýýänem ýok welin, näme menden başga çagaň ýok? – diýip, möjek çagasy ýene sorag tapypdyr.

     Möjek uludan bir demini alypdyr-da:

     – Wah, balam, onuň sebäbi meniň pälimiň ýamanlygyndandyr, biler bolsaň meniň niýetim örän ýaramaz. Gözüm mydama kişiň zadynda, üstesine-de, garnym doýsa-da, mydama gözüm aç. Şoňa görä-de, meniň neslim köpelmeýär. Goýnuň bolsa päli pes, niýeti gowy, şoňa görä-de, hemmeler ony gowy görýär. Şonuň üçinem biz oňa hernäçe zyýan bersegem, ullakan eden zadymyz bolmady, onuň tohumy dünýä ýaýrady – diýip, möjek gönüsinden gelenmiş.

 

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ

«TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» KITABYNDAN.

Öňki makala

ADAM WE ÝYLAN

Meňzeş habarlar

18 Noýabr 2024 | 193 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 221 okalan

KESIR