ŞA SERPAÝDAN PAÝLY ÝAŞLAR

     Türkmen halkynyň baý taryhy, gymmatly mirasy häzirki günlerimizde dünýä taryhynda hem öz mynasyp ornuny tapýar. Ýurdumyzda gymmatlyklarymyzy häzirki günde aýap saklamak, olaryň at-abraýyny dünýä ýaýratmakda uly işler alnyp barylýar. Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesi giňden bellenip geçilýän Türkmen alabaýynyň baýramy bu ýyl hem ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dabaraly ýaýbaňlandyryldy. Olaryň çäklerinde sergiler bilen bir hatarda alabaýlaryň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, foto suratlarda we teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasyndaky döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi.

     Bäsleşige ýurdumyzyň dürli künjeklerinden suratkeşler we höwesjeň ýaşlar şolaryň arasynda däp bolşy ýaly Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Olardan Türkmen alabaýynyň keşbi şekillendirilen iň nepis haly, iň gowy çeperçilik şekili, iň gowy heýkel, iň gowy neşir önümi, türkmen alabaýynyň batyrgaýlygyny açyp görkezýän telewizýon sýužet ugurlary boýunça iň gowy işler saýlandy. Netijede, ýeňijilere türkmen alabaýynyň daşky keşbi şekillendirilen «Türkmen alabaýy» atly haly eseri üçin «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy A.Orazgulyýewa; «Türkmen alabaýy» atly surat eseri üçin Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Şekillendiriş sungaty fakultetiniň» «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň mugallymy B.Sytdyhowa; «Edermen türkmen alabaýy» atly heýkel eseri üçin Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Şekillendiriş sungaty fakultetiniň» «Heýkeltaraşlyk» kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby G.Şöhratgeldiýewa; «Türkmen alabaýlary» atly neşir işi üçin Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Dizaýn» kafedrasynyň mugallymy Ata Muhammet Ahmede; «Edermen türkmen alabaýy» atly teleoperatorçylyk işi üçin Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy E.Çaryýewe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan degişli şahadatnamalar we sowgatlar gowşuryldy.

     Alabaýlar türkmen halkynyň baý milli mirasy we gymmatlyklarynyň biri bolup, dünýäniň medeni gymmatlyklaryna ajaýyp mirasy peşgeş beripdir. Olaryň arasynda türkmen alabaýynyň gymmaty has tapawutlydyr. Şeýle gözelligi öz döredijiliginde beýan etmegi başaran dalaşgärleriň ýeňişleri Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň üstünligidir.  

     Zehinli mugallym Bakygeldi Sytdyhowyň “Türkmen alabaýy” atly nakgaş eserinde arassa dury reňkleriň sazlaşy öz beýanyny tapýar. Gözel Garagum sährasynyň gyzgyn howasyna çydamly alabaýyň alyslara nazar aýlaýan şekili geçmiş bilen geljegiň we şu günümiziň buýsanjy bolan milli aýratynlygymyzyň çeper beýanydyr.

     Gujurly talyp Güljan Şöhratgeldiýewa ýiti zehinini «Edermen türkmen alabaýy» atly heýkel eserinde görkezmegi başardy. Talyp edermenlikde özboluşlylygy bilen tapawutlanýan şir peleň sypat alabaýyň şeklini watan goragçylarynyň kömekçisi sypatda görkezmegi başarýar. Döwrebap serişdeler bilen ýerine ýetirilen heýkelde gymmatlygymyzyň janly keşbini duýmak bolýar.

     Döwrüň talaby bolan sanly ulgamdan baş çykarmak her bir ýaş nesliň başarnygy. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Dizaýn» kafedrasynyň mugallymy Ata Muhammet Ahmet «Türkmen alabaýlary» atly neşir işinde gözel durkly, wepaly sypatly gadymy tohum itleriniň şeklini wasp etmegi başarýar.

     Elbetde şeýle gymmatlygy wasp etmek, öz döredijiliklerinde mynasyp orun bermek sungat işgärleriniň borjy bolup durýar. Häzirki wagtda milli gymmatlyklarymyza sarpa goýmak, olaryň at-abraýlarynyň mundanda beýläk dünýä doldurmakda ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça zerur işler alnyp barylmagy hem olara bolan buýsanjymyzy artdyrýar. Bu zatlaryň ählisi bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçlikleriniň aýdyň subutnamasydyr.

 

Bagtygül HOJAGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik

akademiýasynyň mugallymy.

Meňzeş habarlar

03 Dekabr 2024 | 1077 okalan

KALBYMYZ JOŞ ALÝAR

29 Noýabr 2024 | 451 okalan

ASYRLARA ÝÖRELGE – NESILLERE GÖRELDE

29 Noýabr 2024 | 170 okalan

ASUDALYGYŇ WE PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY