ALABAÝ – BIZIŇ MILLI BUÝSANJYMYZ

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi etrabyň medeniýet bölümi, etrabyň Gubadag şäher merkezi kitaphanasy bilen bilelikde, etrabyň Gubadag şäher medeniýet merkezinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, “Alabaý – biziň milli buýsanjymyz” atly şygar astynda, “tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirdi. Onda edilen çykyşlarda türkmen halkynyň öz mili gymmatlyklaryna uly sarpa goýýandygy, ahalteke bedewleri, türkmen halylary we beýleki gymmatlyklarymyz bilen bir hatarda, wepaly türkmen alabaýynyň hem dünýäde uly meşhurlyga eýe bolandygy, häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda türkmen alabaýlarynyň sanynyň köpeldilmegine hem-de seçgiçilik işiniň ösdürilmegine gönükdirilen giň gerimli işleriň ýaýbaňlandyrylýandygy, türkmen alabaýy ýaly tebigatyň we adam zehininiň döreden gözelliginiň nusgawy edebiýatda hem-de halk döredijiliginde, şol sanda, nakyllarda, dessanlarda, häzirki zaman türkmen edebiýatynda hem öz beýanyny tapýandygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň dünýäniň dürli dillerine terjime edilen we alabaý tohumynyň gelip çykyşy baradaky taryhy, arhiw we köp ýyllyk ylmy-barlag maglumatlaryny jemleýän “Türkmen alabaýy” atly ajaýyp eseriniň ähmiýeti barada bellenip geçildi.

     Söhbetdeşlige gatnaşanlar türkmeniň wepaly alabaýyny sarpalamak, gorap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek babatda ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Çary SAPAROW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Boldumsaz etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.