BEÝIK DANA BAGYŞLANDY

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesi bilen bilelikde, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly pyragy» ýylyny dabaralandyrmak maksady bilen, «Magtymguly Pyragy – paýhas ummanynyň şamçyragy» atly şygar astynda, bu birleşmäniň kiçi mejlisler jaýynda maslahat duşuşygyny geçirdi. Maslahatda edilen çykyşlarda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uludan bellenilýändigi, nusgawy şahyrymyzyň edebi mirasyny ylmy esasda çuňňur öwrenmek, ony dünýä ýaýmak boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigi dogrusyndaky buýsançly gürrüňlere giň orun berildi. Dana şahyryň döredijiliginiň ähmiýeti dogrusynda beýan edilen buýsançly söhbetlere beslenen duşuşykda döredijilige aýratyn sarpa goýýan, şahsyýetlerimiziň ruhuny galkyndyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

 

Şirin HAÝTJANOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.