MAGTYMGULY PYRAGY – ŞYGRYÝET ÄLEMINIŇ BEÝIK USSADY

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, Daşoguz welaýat kitaphanasynda ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerini hem-de Beýik Pyragynyň goşgularynyň terbiýeçilk ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, «Magtymguly Pyragy – şygryýet äleminiň beýik ussady» ady bilen, «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygyny gurady. Onda türkmen halkynyň beýik akyldary Magymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän döwlet we halkara derejesindäki çäreler dogrusynda giňişleýin bellenildi. Şeýle-de, 2024-nji ýylyň türkmen edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyraga bagyşlanandygy, ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynda kabul edilen Karara laýyklykda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024 – 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagynyň akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna ajaýyp sowgat bolandygy, şahyryň belent adynyň ýylymyzyň şygarynda berkidilmeginiň onuň edebi mirasyny, sarpasyny dünýäde dabaralandyrýan halkymyz üçin baýramçylyk ruhundaky çagyryş bolandygy, şu ajaýyp ýylyň şahyryň dürdäne şygyrlaryna teşne halkymyz üçin, onuň edebi mirasyny öwrenýän her bir şahyr, alym ýa-da islendik kärdäki adam üçin dana akyldaryň mirasyny ýene-de bir gezek içgin seljermegiň, ony dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmegiň aýdyň ýolunda anyk we netijeli ädim bolandygy barada uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

 

Magsat OTUZOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygy,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.