MILLI MIRASYM – MERTEBÄM

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň guramagynda, «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň Daşmetjit halk hünärleri muzeýinde «Gadymy hem müdimi Köneürgenjim» atly sergi guraldy. Onda taryhy ähmiýetli gymmatlyklaryň, milli mirasymyzyň, halk senetçiliginiň we el işleriniň gadymy nusgalarynyň görkezilmegi uly ähmiýete eýe boldy. «Pähim-paýhas  ummany Magtymguly  Pyragy» ýyly mynasybetli guralan sergi ýaşlarda milli mirasymyza, şöhratly taryhymyza bolan çäksiz söýgüni, milli buýsanjy kemala getirmek maksady bilen geçirildi. Etrabyň orta mekdeplerinde bilim alýan okuwçylaryň gatnaşmaklarynda guralan sergi «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmenleriniň taryhy gymmatlyklar hakyndaky gyzykly gürrüňleri bilen has täsirli boldy.

 

Gözel KUŞMEKOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.