Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşiniň guramagynda, etrabyň Gubadag şäher medeniýet merkezinde «Halk Maslahaty – beýik işlere badalga» atly «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipeleri wagyz etmek maksady bilen geçirilen duşuşyga etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärler, il sylagly ýaşulular, mährem eneler gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkymyzyň jemgyýeti dolandyrmagyň iň gadymy ýörelgeleriniň biri bolup, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny üpjün edýär. Muňa ýakynda Aşgabatda geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň mysalynda hem, has aýdyň göz ýetirmek bolýar. Giň gerimde ýaýbaňlandyrylan bu umumymilli forum «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalaryny has-da dabaralandyrdy. Şeýle hem, ol ýurdumyzda durmuş-ykdysady syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagynda, halk demokratiýasyny mundan beýläk-de dabaralandyrmakda, jemgyýetimizi has-da jebisleşdirmekde, halkymyzyň syýasy medeniýetini we düşünjeliligini ýokarlandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.
Taryhy mejlisde kabul edilen çözgütlerden gelip çykýan wezipeleri halk köpçüligine ýetirmek, ýaşlara düşündirmek, ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli maksatnamalary, özgertmeleri, gazanylan üstünlikleri we ýetilen belent sepgitleri giňişleýin wagyz etmek maksady bilen geçirilen bu duşuşyk şeýle mazmunly çykyşlara baý boldy.
Parahat SABIROW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Boldumsaz etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.