Ýaş çapyksuwarlaryň at çapyşygy

Milli Liderimiziň tagallasy bilen her bir günümiz toýdur baýramlara, şanly senelere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmen bedewiniň baýramynyň uludan tutulmagy ýurdumyzda ahalteke

atlarymyza goýulýan uly sarpa dan nyşandyr. Baýramçylyk mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda

ýetginjekleriň arasynda at çapyşygy geçirildi. Çapyşyga gatnaşan baýrak eýeleriniň Gahryman Arkadagymyza alkyşlary çäksizdir.

Atahan MUHAMMEDOW,

çapyksuwar:

— Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ösüşleriniň badyna deňelýän bedewler halkymyzyň buýsanjy

bolup äleme ýaň salýar. Milli Liderimiziň tagallasy bilen saýlama atlaryň baş sanyny artdyrmak, ahalteke bedewleriniň tohumçylygyny kämilleşdirmek babatynda köptaraply işler durmuşa geçirilýär Her ýylda bellenilmegi däbe öwrülen türkmen bedewiniň baýramy, onuň dowamynda geçirilýän çapyşyklar, gözellik bäsleşikleri, sergidir ylmy maslahatlar ýurdumyzda bedew atlara goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanydyr.

Arkadag Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda sportuň ähli görnüşi, şol sanda atçylyk sporty hem giň gerimde

ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Aziada — 2017-niň maksatnamasyna konkur boýunça ýaryşyň girizilmegi ýaş çapyksuwarlary aýratyn begendirdi. Sebäbi bu bize — ýaş nesillere atçylyk sportunda has täze uly mümkinçilikleri açýar. Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda ýetginjekleriň arasynda at çapyşygynyň geçirilmegi hem biziň üçin uly guwanç we buýsançdyr. Bu çapyşykda ýeňiji bolmagym meni täze üstünliklere ruhlandyrdy.

Milli Liderimiziň behişdi bedewlerimize bolan hormaty we çäksiz söýgüsi halkymyza, aýratyn hem, biz — ýaşlar üçin nusgalyk göreldedir.Dünýä meşhur ýyndam bedewlerimize uly sarpa goýýan milli Liderimiziň jany sag, başy

dik, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Arslan AGAMYRADOW,

çapyksuwar:

— Halkymyzda «At agynan ýerde toý bolar », «At — myrat » diýen pähimler bar. Bu gün bedewleriň waspy belentden ýaňlanýar.Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli guralýan toý dabaralara dünýäniň dürli ýurtlaryndan ahalteke bedewleriniň muşdaklary hem gatnaşýarlar. Baýramçylyk mynasybetli Halkara atçylyk toplumynda

biz — ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen at çapyşykda atlarymyz bagtymyz  bolup çapdylar. Hormatly Prezidentimiz  ýurdumyzda atçylygy atly  sporty ösdürmek barada uly alada edýär.Atçylyk sporty ýaşlarda batyrlygy, gaýduwsyzlygy, ugurtapyjylygy, çalasynlygy we öz-özüňe erk etmegi terbiýeleýär. At münmek, atly

gezelenç etmek adamyň beden we ruhy sagdynlygyny terbiýelemekde örän uly ähmiýete eýedir. Häzirki döwürde

at münmegiň, milli at üstündäki oýunlary hem-de at çapyşygy ýaryşlarynyň geçirilişini çuňňur  öwrenmek bilen

baglanyşykly ýurdumyzda, şol sanda degişli ýokary okuw mekdeplerinde uly işler alnyp barylýar. Ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza çäksiz

sagbolsun aýdýarys.

“Nesil” gazeti,

29.04.2017ý.

Meňzeş habarlar