Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe asyrlara barabar ösüşleri gazanýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň bütin dünýäde at-abraýynyň, şan-şöhratynyň barha artýandygy ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlaryny çäksiz buýsandyrýar hem-de olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.
Türkmenistan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen, durnukly ykdysady ösüşiň kemala gelmegini nazarlaýan anyk ugur boýunça ynamly gadam urýar. Durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyz dünýä ykdysadyýetine barha okgunly goşulyşýar we onuň halkara derejesindäki abraýy ýokarlanýar.
Häzirki döwürde döwletimiziň ösüşinde ýaşlar syýasatyna möhüm orun degişlidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesillere çagalykdan öçmez-ýitmez mirasymyza goşant goşan ata-babalarymyzyň döreden gymmatlyklaryna sarpa goýmagy, Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda gazanylýan ösüşlere we üstünliklere guwanmagy, sporty söýmegi, döwrebap ylym we bilimi öwretmek — munuň özi olaryň kalbynda ata Watana bolan buýsanjy döredýär.
Halkara gatnaşyklarynda gazanylýan üstünlikler hem ýaşlaryň milli buýsanjyny artdyrýar. BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanyp, parahatçylyk söýüji syýasaty yzygiderli ýöredýän Garaşsyz Watanymyz dünýäde oňyn gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda çykyş edip, degişli ugurda anyk çäreleri durmuşa geçirýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gün-günden gülläp ösýän kuwwatly döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy goramak hem-de pugtalandyrmak, energetika ulgamynda, ulaglar pudagynda hyzmatdaşlyk, ynsanperwerlik meseleleri hem-de adam hukuklary, suw üpjünçiligi, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda oňyn halkara gatnaşyklaryny has-da giňeltmek boýunça ileri tutulýan garaýyşlarynyň, anyk teklipleriniň öňe sürülmegi eziz Watanymyza, hormatly Prezidentimiziň umumadamzat ähmiýetli syýasatyna buýsanjymyzy has-da artdyrýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) şu ýylyň 19-njy aprelinde geçirilen mejlisinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň 2018 — 2020-nji ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Ýerine ýetiriji geňeşine hem-de 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanylmagy ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşynda-da ýatdan çykmajak taryhy waka boldy. Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýurdumyzyň BMG-niň bu iri düzümlerine saýlanylmagy mynasybetli ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Duşuşyga BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji, saglygy goraýyş we iýmit boýunça hünärmeni Aýgül Nurgabylowa hem gatnaşyp, ýaşlara BMG-niň Çagalar gaznasynyň alyp barýan işleri barada gürrüň berdi. Ýeri gelende Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda Türkmenistanyň Çagalar gaznasy hereket edýär we ol ýaş nesillerimiz bilen baglanyşykly, sazlaşykly işleri alyp barýar.
Döwlet Baştutanymyz saglyk, bilim we ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, çaganyň hukuklaryny goramak, gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklarynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berýär. Şu nukdaýnazardan ýurdumyzyň BMG-niň düzüm birliklerine saýlanylmagy uly üstünlik bolup, Watanymyzyň dünýä derejesindäki belent abraýyna şaýatlyk edýär.
Häzirki wagtda Türkmenistan Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasyna Başlyklyk edýär. Şu ýyl bolsa, ýurdumyz Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna hem Başlyklyk edýär. Döwletimiz dünýä bileleşiginiň işlerinde tutuş adamzady tolgundyrýan möhüm meseleleri çözmäge ýakyndan ýardam berýär. Aşgabat şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi sebitiň meselelerine gözegçilik etmek we seljermek boýunça möhüm işleri geçirip, Merkezi Aziýany ösdürmegiň dürli çärelerine gatnaşýar we ýurdumyzyň ylalaşdyryjylyk derejesini has-da berkidýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde «Halkara Bitaraplyk güni» atly Kararnamanyň kabul edilmegi we her ýylyň 12-nji dekabrynda bütin dünýäde Halkara Bitaraplyk gününiň baýram edilmeginiň ýola goýulmagy ýurdumyzyň taryhynda aýratyn ähmiýetli waka boldy.
Häzirki döwürde ýurdumyzda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamasynyň, Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmeginiň milli maksatnamasynyň, Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasyny durmuşa geçirmegiň Milli strategiýasynyň, Türkmenistanda Eneleriň we täze doglan çagalaryň, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramagyň Milli strategiýasynyň we hereketleriň meýilnamasynyň, Çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak boýunça Türkmenistanyň milli maksatnamasynyň, Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça hereketleriň milli meýilnamasynyň we beýleki resminamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi halkymyzy çäksiz guwandyrýar. Mundan başga-da, eziz Diýarymyzda gender meseleleriniň çözülmegine uly üns berilmegi, ýurdumyzda zenanlaryň erkekler bilen bir hatarda dürli ýolbaşçy wezipelerde işlemekleri we jemgyýetimizde uly hormatdan peýdalanmaklary hem-de döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli işlerine gatnaşmaklary kalbymyzy joşdurýar. Ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende göterýän milli Liderimiziň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!
Soltangeldi BABAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Merkezi Geňeşiniň başlygy.
“Nesil” gazeti,
02.05.2017ý.