Gadym zamanlarda iki sany han bar ekeni. Olar örän gadyrly gatnaşykda bolupdyrlar. Birek-biregiňkä ýygy-ýygydan myhman barypdyrlar. Ýyllaryň birinde gyşyň gazaply, garly gelmegi bilen, olaryň arasy wagtlaýynça kesilipdir. Bahar pasly gelipdir, älem-jahan gülzarlyga öwrülipdir. Dostlaryň ýaşkiçisi:
– Dostumyň ýagdaýyny bilip gel, ol sag-aman gyşladymyka – diýip, dostunyňka çapar ýollapdyr. Beýleki han dostunyň iberen çaparyny gowy garşylap, dürli-dümen nahar bilen hezzetläpdir. Nahar iýlip bolnanyndan soň han:
– Myhman, töwir galdyr– diýipdir. Çapar bolsa hanyň ýaşululyk hem hanlyk derejesini göz öňünde tutup:
– Han aga, töwir sizdendir – diýipdir. Han ahyry bolmajagyny bilip, özi töwir galdyrypdyr. Çapar yzyna gaýtmakçy bolupdyr. Ony hanyň ýasawullary ugradypdyrlar. Han bolsa ýasawullaryna:
– Araçäkden geçeninden soň, muny aklyna aýlandyryň – diýipdir. Ýasawullar araçäge çenli ony hormatlap äkidipdirler. Araçäkden geçeninden soň bolsa,
ony ýenjip ugradypdyrlar. Özüni biçak kemsidilen hasaplan çapar öz hanynyň huzuryna baryp, şikaýat edipdir. Han hem oňa:
– Seniň özüň bärden gaýdan ýeriň bar bolaýmasyn? – diýpdir. Çaparynyň myhmançylyga barandaky ähli eden hereketlerini birin-birin seljeripdir. Ol
öz çaparynyň günäsini tapmandyr. Han:
– Çaparymy urmak bilen meniň hatyramy depeledi – diýip pikir edipdir we içinden oňa gazaplanypdyr. Şonda köşgündäki bir paýhasly adam:
– Bu wakanyň hökman bir sebäbi bardyr. Ol han siziň bilen aragatnaşygyny ýöne ýere bozmaz, çaparyňyzy ýöne ýerden ýençdirmez. Menem gidip göreýin – diýipdir. Han bolsa:
– Seniňkiň hak bolmagy mümkin– diýip, onuň aýdanyny makul bilip, ýola salypdyr. Ol adam goňşy hanyňka tarap ýola düşüpdir. Goňşy han ony gadyrly
garşylapdyr. Hormatlapdyr, hezzetläpdir. Ýene-de nahar iýlip bolnanyndan soň, han ýaňky adama:
– Hany, myhman, töwir galdyr – diýipdir. Myhman bolup baran adam tagamyň hakyna hormat bilen töwir galdyrypdyr. Myhmanyň bu bolşy hana ýarapdyr.
Ony halat-serpaýlap, hormat bilen ýola salypdyr. Myhman bolan adam öz hanynyň ýanyna gelip, dostunyň beren halat-serpaýlaryny görkezipdir, onuň özüni garşylaýşy barada gürrüň beripdir. Mundan soň han öňki çaparyň ýenjilmeginiň sebäbine düşünipdir.
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ
«TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» KITABYNDAN.