Iki adam jedelleşipdir:
– At gyzykly!
– Ýok, aw!
Olaryň biri seýis, beýlekisem ölemen awçy eken. Düşnükli zat, seýis-ä at gyzykly diýer, awçy hem–aw. «At gyzyklymy ýa-da aw?» Ahyryn synag etmeli diýen netijä gelýärler. Seýis özüniň «men» diýen bedewlerinden birini awça-da berip, ýola düşýärler. Ilki pylan ýere çenli at çapyşyp görmeşek edýärler. Ýaryş başlanýar. Mydam at üstünde gezen seýis öňüne geçirmäninden soň, awçy çynyny edip ozmagy
başarsa-da, ol elinde elguşunyň bardygyny unudýar.
Awçy seýis dostuna gyjalat berýär:
– Ertirden bäri at gyzykly diýip aldyň. At çapyşaly diýip, jedel etdiň, ine-de, galdyň.
– Dogry, çapyşykda senden galdym, ýöne jedelde
men ýeňdim.
– Nähili? – diýip, awçy geňirgenipdir.
– «Atdan aw gyzykly» diýip jedel eden sen dälmi? Ýaňy at çapdyryp gelýärkäň, dünýäni unutdyň. Eliňdäki guşa ezýet baryny berdiň, ol hem çydaman, gör, nirelere gitdi?! Awçy seredip görse, elinde elguşy ýok eken. Ol: «Dogrudanam, awdan at çapmak gyzykly» diýip, jedelde utulanyny boýun alypdyr.
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ
«TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» KITABYNDAN.