DAŞDAN TELPEK

     Bir gün Soltansöýün öz wezirlerini ýygnap, özüne daşdan telpek tikip bermeklerini buýrupdyr. Wezirler näme etjeklerini bilmän, köp gamgyn bolupdyrlar. Olaryň biri Myrala ýüz tutmagyň gerekdigini aýdypdyr. Ol mysapyrsyrap, Myralynyň ýanyna barypdyr. Oňa bolan wakany gürrüň berip:

     – Indem näme etjegimizi bilemzok, özüň kömek edäýmeseň. Ýeri, daşdan nädip telpek tikip bolar?! – diýip sorapdyr.

     – Ol asla kyn iş däl-ä – diýip, Myraly Soltansöýüniň ýanyna barypdyr-da:

     – Şahym, daşdan telpegi men tikjek – diýipdir. Soltansöýüniň göhi gelipdir. Ol:

     – Bolýar, onda iki-üç günden ýetişdirersiň-dä – diýipdir.

     Myraly üç günden soň patyşanyň huzuryna gelipdir. Soltansöýün daşdan telpek görmek tamasy çykmandygy üçin, oňa gaharly sowal beripdir:

     – Telpegi ýetişdirmediňmi?

     Myraly asla darykmandyr-da oňa:

     – Ýok, patyşahym, ýetişdirip bilmedim, tikmäge sapak tapmadym – diýipdir. Soltansöýün:

     – Oňa nähili sapak gerek? – diýipdir. Myraly:

     – Söwüdiň külünden sapak gerek – diýipdir. Soltansöýün:

     – Seniň kelläňe näme gelýär, Myraly, heý, söwüdiň külünden sapak bardygyny eşitdiňmi?! – diýipdir.

     – Daşdan telpek bolsa, ol hem bolar, şahym! – diýip, Myraly ýeserlik bilen ýylgyrypdyr. Soltansöýüne hem dostunyň ugurtapyjylygyna haýran galyp, ýylgyrmakdanbaşga alaç galmandyr.

 

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ

«TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» KITABYNDAN

Meňzeş habarlar

18 Noýabr 2024 | 193 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 221 okalan

KESIR