GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» ATLY KITABYNDAN

     Öňem biri niýetini ýamana dikip, garaňky gijeleriň birinde ýeri köwüp, patyşanyň hazynasyna giripdir. Ol ýerdäki gymmat bahaly göwherlerden, altyn-kümüşden torbasyny doldurypdyr. Ol adamyň hazynadan çykyp barýarka, almaz ýaly ýaldyrap duran bir zada gözi düşüpdir. Garaňkyda ýalpyldap duran bu zady göwherdir diýip pikir edendigi üçin, ol oňa elini urupdyr. Görse, başga hili! Onsoň ol alasarmyklykda ony dadyp görüpdir. Ol asyl daş ýaly gatan duz ekeni. Şol halat ýaňky adamyň endamyna gyzgyn gelipdir, ony şagga der basypdyr. Ol ähli alan baýlyklaryny öňki ýerine eltip goýupdyr-da, gelen ýoly bilen yzyna gidipdir. Ertesi hazynaçynyň zähresi ýarylypdyr. Hazyna girilipdir. Ol barlap görse, ähli gymmatly zatlar ýerli-ýerinde dur. Muňa akyl ýetirip bilmedik hazynaçy patyşanyň ýanyna baryp, ählisini bolşy ýaly gürrüň beripdir. Patyşa köp pikirlenip oturypdyr-da, ahyrynda jar çekdiripdir:

     – Halaýyk, kimde-kim hazynama näme üçin we nähili girendigini düşündirip aýtsa, men onuň günäsini geçjek. Şonda hazyna tarap gizlin ýol çeken ýaramaz niýetli adam patyşanyň kabul etmegini sorap, köşge gelipdir. Ol tagzym edipdir-de, öz hormatyny mälim edip:

     – Men şol bet işi etdim, menden başga muny bilýänem, görenem ýok, şol päli azan men, patyşahym! Näme jezaň bolsa-da kaýyldyryn! – diýipdir. Patyşa geňirgenipdir:

     – Seniň maksadyň nämedi? Ol ýerden eliňem-ä boş çykypsyň.

     Şonda ýaňky adam:

     – Men pälimden tapdym, şol ýerde patyşanyň duzy bar ekeni, şony atdanlykda datdym. Şeýdibem siziň myhmanyňyz boldum. Ondan soň men ol ýerden jinnek ýaly zat alyp bilerinmi?! Duz meni pälimden gaýtardy – diýip müýnürgäpdir.

Patyşa emeldarlaryna:

     – Duzuň gudratyna düşünýän adam, iýen duzuna ikilik etmeýän adam haramlyk etmez, edäýse-de oňa öküner. Muňa jeza bermän, serpaý ýapyň! – diýip buýrupdyr.

Öňki makala

DAŞDAN TELPEK

Indiki makala

KESIR

Meňzeş habarlar

21 Ýanwar 2025 | 3 okalan

AKYLLY ÝANÝOLDAŞ

20 Ýanwar 2025 | 104 okalan

TIKEN WE MÄHIR