TEKLIPLER ÖWRENILÝÄR
Şu gün Balkan welaýat Kitaphanasynda ýokary okuw hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipeleri wagyz etmek, ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmak, watansöýüji, ukyp-başarnykly, beden taýdan sagdyn hem-de terbiýeli ýaş nesilleri kemala getirmek maksady bilen maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň guramagynda geçirilen bu maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň «Täze döwür amala aşyrylýan özgertmeleri has-da giňeldip, jemgyýetimiziň aň-bilim mümkinçiligini ýokarlandyrmagy talap edýär. Şoňa görä-de, şu ýylyň ahyryna çenli toplumlarda ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmek, ýaşlar barada döwlet syýasaty bilen bagly maslahatlary geçirmegi teklip edýärin» diýen sözlerinden ugur alyp, ýaşlar barada döwlet syýasatyny döwrebap durmuşa geçirmek maksady bilen teklipler öwrenildi.
Mährijemal NYÝAZDURDYÝEWA,
TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet konserniniň
şahamçasynyň guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.