BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTYÝAR GERÇEKLERI

1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda yglan edilen «Berkarar Döwletiň  bagtyýar gerçekleri » atly döredijilik  bäsleşiginiň jemi  jemlendi.

Hormatly Prezidentimiziň: “Türkmen ýigidiniň we gyzynyň ýüregi elmydama “Jan Watanym, Türkmenistan!” diýip urmalydyr. «Watan we halk» diýen beýik hem-de gudratly sözler ýaşlarymyzyň dilleriniň senasy, baş şygary bolmalydyr” diýen pähimi türkmen ýaşlaryna egsilmez güýç-gaýrat, synmaz erk-kuwwat berýär. Watançylyk çagyryşyna ýüregi bilen eýerýän bagtyýar ýaşlarymyz ýurdumyzyň berkararlyk binýadyny pugtalandyrmak işine özüniň ähli zehinini, başarnygyny, bilimini, döredijilik ylhamyny bagyşlap, buýsandyryjy üstünlikleri gazanýarlar.

Ýaş nesillere berilýän watançylyk terbiýesini güýçlendirmek, ýaşlary ilhalar işlere çekmek, asylly we kämil milli ruhy-ahlak gymmatlyklara çäksiz hormaty artdyrmak döwrümiziň baş wezipeleriniň biri bolup durýar. Düýn Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Bilim ministrligi tarapyndan 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda “Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşik türkmen Ýigitlerinde watançylyk häsiýetlerini terbiýelemäge gönükdirilendir. Bu döredijilik bäsleşigine zehinli ýaşlaryň ençemesi gatnaşyp, öz ussatlygyny, başarjaňlygyny hem ugur tapyjylygyny görkezdiler.

Baýramçylyk ruhunda bezelen sahnada çykyş eden ýaşlar, ilki bilen, öz saýlan hünärini çeper okaýyşlar arkaly taryp etdiler. Soňra talyp ýigitler şowhunly aýdym- sazlary, tanslary, sahna eserlerinden parçalary ýerine ýetirdiler. Üçünji şertde talyp ýaşlar degişme sahnalary ýerine ýetirmek bilen, tomaşaçylara ýatda galyjy ruhubelent hem şatlykly pursatlary bagyşladylar. Döredijilik bäsleşiginde ýeňiji bolan talyplara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Bilim ministrligi tarapyndan Hormat hatlary  we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

“Nesil” gazeti,

06.05.2017ý.

Meňzeş habarlar