BAHYL ADAM

     Bir ýolagçy ýol bilen barýarka, ýolda sataşan biri ondan:

     – Nirä barýarsyň? – diýip soraýar. Onda ýolagçy:

     – Men Tur dagyna barjak, asmana garap, Taňra arzymy aýtjak – diýipdir. Onda ýaňky adam:

     – Meniň hem bir arzym bar, şony hem ýetirip bersene! Maňa bir sagymlyk sygyr gerek! – diýýär. Ýolagçy «bolýar» diýip, öz ýoluna gidiberen. Birnäçe wagtdan soň ol gaýdyp gelýärkä, ýaňky adama:

     – Taňrym dilegiňi kabul etdi, saňa bir sygyr, goňşyňa-da iki sygyr berdi – diýipdir.

     Ýaňky sygyr dilän adam:

     – Şeýle bolsa, bar yzyňa gaýt-da, aýt, näme üçin goňşyma iki, maňa-da bir sygyr?!– diýipdir. Şondan soň «Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de, miwe bermez, berse-de, süýji bolmaz» diýen aýtgy döräpdir.

 

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ

«TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» KITABYNDAN

Öňki makala

KESIR

Meňzeş habarlar

18 Noýabr 2024 | 193 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 221 okalan

KESIR