ÝAŞLAR ÖŇE BARÝAR BATLY GADAMLAR BILEN

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher, Görogly we Şabat etrap Geňeşleri, Daşoguzyň B.Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli, «Ýaşlar öňe barýar batly gadamlar bilen» şygary astynda, aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Özünde köp sanly agzany jemleýän, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 33 ýyllygyna bagyşlanan dabarada guramanyň ýerlerdäki işgärleri, işjeň agzalary, mekdebiň öňdebaryjy talyp ýaşlary gutlag sözi bilen çykyş etdiler. Soňra mekdebiň talyplarynyň ýörite taýýarlan aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa edildi.

     Baýramçylyk çäresine gatnaşanlar türkmen ýaşlaryna okamaga, öwrenmäge, döredijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreklerden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Rahatoý HAÝTMETOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Şabat etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar