Ýakynda Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň we Türkmenbaşy dokma toplumynyň bilelikde gurnamagynda toplumyň dokmaçy gelin-gyzlarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede dokmaçy gelin-gyzlaryň arasynda gadymdan gelýän milli mirasymyzy geljekki nesillere ýadygär goýmak we öwretmek maksady bilen, haly dokamak, pile saramak şeýle-de ýüňden dokalýan beýleki önümler barada giňişleýin gürrüň edildi.
Duşuşygyň ahyrynda milli mirasymyzy giňden wagyz etmäge, dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Gülälek TEJENGELDIÝEWA,
Türkmenbaşy dokma toplumynyň
ilkinji Ýaşlar guramasynyň uly buhgalteri.