Ýakynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň “Altyn Asyr” teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çäräniň dowamynda oba-hojalyk işgärleriniň, zähmetsöýer daýhanlaryň döredijilikli ýadawsyz yhlasly zähmeti, döwlet tarapyndan olara berilýän giň goldawlar barada çykyşlar edildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir raýatyň erkin dynç almagy, halal zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Osman AŞYROW,
Türkmenbaşy dokma toplumynyň
ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.