Ýakynda Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň we Türkmenbaşy dokma toplumy bilen bilelikde gurnamagynda toplumyň zähmetkeş gelin-gyzlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede elektrik, gaz enjamlaryny ulanmagyň howpsuzlyk düzgünlerini talabalaýyk berjaý etmek dogrusynda giňişleýin durlup geçildi. Howpsuzlyk talaplarynyň doly we dogry berjaý edilmedik halatynda ýüze çykyp biljek ýagdaýlar barada gürrüň edildi.
Duşuşygyň ahyrynda raýatlaryň abadan durmuşda ýaşamagy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar.
Osman AŞYROW,
Türkmenbaşy dokma toplumynyň
ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.