GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ata-babalarymyzdan bize miras galan taryhy-medeni ýadygärliklerimizi, ylym-bilim eserlerini, taryhy galalarymyzy gorap saklamak we olara aýawly seretmek hem-de durkuny dikeltmek işleri ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde şöhratly taryhymyza buýsanç döretmek, geçmişden galan mirasymyz hakynda düşündirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň taryhy örän baý we şöhratlydyr. Şonuň üçin hem, şöhratly taryhymyza we milli mirasymyza aýratyn sarpa goýulýan ajaýyp döwrümizde bu gymmatlyklary ylmy esasda öwrenip, ýaş nesillerimize ýetirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Munuň özi, ýaşlaryň watansöýüji, il-güne wepaly ynsanlar bolup ýetişmeklerine oňat ýardam edýär.

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda binýat tapan, dünýä ylmynyň, taryhynyň we medeniýetiniň gülläp ösmegine saldamly goşant goşan gadymy ylmy ojaklarynyň biri-de Köneürgenç şäheridir. Ol ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň adybir etrabynyň merkezi bolmak bilen, Daşoguz şäherinden 120 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Köneürgenç taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýadygärlikleri 2005-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu bolsa, müňýyllyklaryň şaýady bolan arheologiýa we arhitektura ýadygärliklerini dünýäniň taryhçylary we alymlary tarapyndan has içgin öwrenmäge we syýahatçylyga uly mümkinçilikleri açdy.

Merkezi Aziýada iň beýik bina bolan Gutlug Temiriň ady bilen baglanyşykly bolan minara, gadymy Köneürgenjiň şöhratyny arşa galdyran taryhy ýerleriň biri bolan Kyrkmolla galasy, Nejmeddin Kubranyň, Il Arslanyň, Tekeşiň, Soltan Alynyň, Pirýar Weliniň hem-de Törebeg hanymyň ýadygärlikleri Köneürgenjiň çäginde ýerleşip, Köneürgenje «Gündogaryň parlak ýyldyzy» diýlip at berlendiginiň ýöne ýerden däldigine doly şaýatlyk edýär.

Köneürgenjiň taryhy-medeni goraghanasyna daşary ýurt syýahatçylary hem-de ýurdumyzyň ähli ýerlerinden myhmanlar gelip, uly höwes bilen zyýarat edýärler.

Ösüp gelýän ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde, halkymyzyň şöhratly geçmişi baradaky gymmatly maglumatlar bilen ýakyndan tanyşdyrmak maksady bilen, bu taryhy ýadygärlikleriň şäherine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat, şäher, etrap Geňeşleri tarapyndan gezelenç çäreleri yzygiderli guralýar. Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi tarapyndan guralan gezelenç çäresi hem giň many-mazmuna eýe boldy. «Türkmen halkynyň şöhratly taryhy – Arkadagly Gahryman Serdarly ýaşlaryň beýik buýsanjy» atly şygar astynda geçen gezelenç çäresine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Aşgabat, Arkadag şäher Geňeşleriniň, Balkan, Ahal, Mary, Lebap welaýat hem-de olaryň şäher, etrap Geňeşleriniň işgärleri hem gatnaşdylar. Köp sanly agzany özünde jemleýän ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleriniň, öňdebaryjy ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen çärä gatnaşyjylar gadymy Köneürgenjiň dürli asyrlara degişli ýadygärlikleri, bu ýerde ýaşap geçen beýik alymlar, pirler, serkerdeler, Köneürgenç türkmen döwletiniň hökümdarlary baradaky gyzykly maglumatlar bilen ýakyndan tanyş boldular.

Gezelenç çäresine gatnaşyjylar milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmeklige, geçmiş taryhymyzy içgin öwrenmeklige giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreklerden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Altyn ATAKOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

 Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY