TÜRKMEN HALKYNYŇ ŞÖHRATLY TARYHY – ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARLY ÝAŞLARYŇ BEÝIK BUÝSANJY

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Daşoguz welaýat häkimligi bilen bilelikde, «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny has-da dabaralandyrmak, täze taryhy döwrüň bagtyýar ýaşlaryny watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek maksady bilen, «Türkmen halkynyň şöhratly taryhy – Arkadagly Gahryman Serdarly ýaşlaryň beýik buýsanjy» atly maslahat duşuşygyny geçirdi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi, Aşgabat we Arkadag şäher, welaýat Geňeşleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahat welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýaýbaňlandyryldy. Maslahatda edilen çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyzy, pederlerimiziň şöhratly taryhyny öwrenmek, wagyz etmek babatda ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygy hakynda aýratyn nygtaldy. Şonuň ýaly-da, şeýle mazmundaky çäreleriň yzygiderli geçirilmeginiň ýaşlaryň ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerine, pederlerimiziň şöhratly geçmişine bolan söýgüsini, milli mirasymyza hormat goýmak duýgusyny artdyrmakdaky ähmiýeti hakynda gürrüň edildi.

 

 

Gülendam SIBULLAÝEWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň baş buhgalteri.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY