KÖNEÜRGENÇ – BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝAŇY

     Golaýda Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň hem-de TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň bilelikde yglan eden «Köneürgenç – Beýik Ýüpek ýolunyň ýaňy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Bäsleşige hödürlenen şygyrlarda, makalalarda ýaş nesliň ata Watanymyza, halkymyzyň taryhyna we milli mirasyna bolan söýgüsi aýdyň şöhlelendi.

     Bäsleşigiň netijesine görä, şygyr ýazmak boýunça Köneürgenç etrabynyň 47-nji orta mekdebiniň mugallymy Ahmet Arazow I, Görogly etrabynyň 41-nji orta mekdebiniň mugallymy Patma Allabaýewa, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 1002 harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçysy Myrat Ezizow dagylar II, Görogly etrabynyň 5-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Tawus Nedirowa, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň okuwçysy Göwher Ýusupowa dagylar III orunlara mynasyp boldular. Bäsleşigiň makala ýazmak ugry boýunça tapawutlanmagy başaran Daşoguz şäheriniň 18-nji orta mekdebiniň mugallymy Güljahan Bekgylyjowa I, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Ybraýym Polatgeldiýew, Köneürgenç etrabynyň 28-nji orta mekdebiniň mugallymy Mähri Amanowa dagylar 2-nji, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Bahar Aýdogdyýewa, Şabat etrabynyň 52-nji orta mekdebiniň mugallymy Mähri Ýusupowa, Görogly etrabynyň 29-njy orta mekdebiniň okuwçysy Çeper Halnazarowa dagylar III orunlary eýelediler. Bäsleşigiň ýeňijileri Hormat hatlary we baýraklar bilen sylaglanyldy.

 

Wepa ESENOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň hünärmeni.

Meňzeş habarlar