WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň hem-de Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdepde ýokary synp okuwçylaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

     Çärede çykyş edenler adam saglygyna howp salýan partlaýjy we pirotehniki serişdelerini ýasamaklygyň, satmaklygyň we partlatmagyň gadagandygyny, onuň ynsan saglygyna, şeýle-de jemgyýete ýetirip biljek zyýany hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Mundan başga-da, ýaş nesillerde sporta bolan höwesi artdyrmak, olaryň ýaramaz endiklerden daşda durmagyny gazanmak, jemgyýetçilik ýerlerinde tertip-düzgüni berjaý etmek, sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň talaplaryna eýermek barada söhbet edildi.

     Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň raýatlarynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin, ýaş nesillerimiziň Watana, halkymyza wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleriniň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

 

Senem SAHATOWA

TMÝG-niň Berkararlyk etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

04 Dekabr 2024 | 0 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI

03 Dekabr 2024 | 23 okalan

EZIZ DIÝARYMYZYŇ EZBER ÝAŞLARY

02 Dekabr 2024 | 34 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI