Ýakynda Bagtyýarlyk etrap häkimliginde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bagtyýarlyk etrabynyň gurnamagynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň berkarar bolmagynyň ýollaryny açyp görkezýär. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan etmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda 2025-nji ýylyň şygary boýunça Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde zähmet çekýän, bilim alýan ýaşlarynyň berýän teklipleri giňişleýin öwrenilýär. Çäräniň dowamynda şular dogrusynda täsirli çykyşlar edildi.
Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Ýer ýüzünde parahatçylygy dabaralandyrmakda beýik işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Rüstem HOJANEPESOW,
TMÝG-niň Bagtyýarlyk etrap
Geňeşiniň uly buhgalteri.