Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň etrap häkimligi we etrabyň Halk Maslahaty bilen bilelikde guramagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çäräniň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara giňişliginde eýeleýän täsirli ornunyň barha berkeýändigi, parahatçylyk, ynanyşmak ýörelgelerini ilerledip, medeni dialogy, hoşniýetli goňşuçylygy, birek-birege hormat goýmagy pugtalandyrmak ýaly ynsanperwer düşünjelerden ugur alýandygy dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar bagtyýar durmuşy peşgeş beren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Baýmyrat DÖWLETGELDIÝEW,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Köpetdag
etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.