BITARAPLYK – KÖŇÜLLERIŇ SENASY

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Daşoguz welaýat häkimligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz welaýat bölümi bilen bilelikde, Daşoguz şäheriniň «Berkarar» toý mekanynda Halkara Bitaraplyk güni hem-de baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli, welaýatyň bilim ulgamynda zähmet çekýän işgärleriň hem-de bagtyýar çagajyklaryň gatnaşmagynda «Bitaraplyk – köňülleriň senasy» ady bilen, aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Turuwbaşdan şatlykly pursatlara baý bolan dabara bagtyýar çagalaryň çykyşlary aýratyn öwüşgin berdi. Olaryň dürli milletleriň milli egin-eşiklerinde ýerine ýetiren ajaýypdan-ajaýyp çykyşlary ýurdumyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda dünýä döwletleri bilen alyp barýan dostana gatnaşyklarynyň aýdyň beýanyna we onuň dabaralanmasyna öwrüldi. Çärä gatnaşan çagalara Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Nurýagdy GALPAKOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

10 Dekabr 2024 | 34 okalan

ÝAŞLAR WE KANUN

07 Dekabr 2024 | 74 okalan

DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI