GÜLLEÝÄR-GÜL AÇÝAR, BITARAP WATAN

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrap Geňeşi, etrabyň häkimligi hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, «Kejebe» toý mekanynda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň Hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli, bilim ulgamynda, edara-kärhanalarda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlaryň gatnaşmagynda «Gülleýär-gül açýar, Bitarap Watan» ady bilen, aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Dabarada etrabyň medeniýet-sungat ussatlary, çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary çykyş etdiler. Olaryň ýerine ýetiren ajaýypdan-ajaýyp aýdym-sazly çykyşlary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri bolup ýaňlandy.

 

Ýeňişmyrat NEPESOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

03 Dekabr 2024 | 28 okalan

GÜLLEÝÄR-GÜL AÇÝAR, BITARAP WATAN

03 Dekabr 2024 | 21 okalan

BITARAPLYK – KÖŇÜLLERIŇ SENASY

02 Dekabr 2024 | 26 okalan

KÖRPELERIŇ BAÝRAMÇYLYK ŞATLYGY