«MERDANA NESIL – 2024» ATLY ŞADYÝAN BÄSLEŞIGIŇ DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ GÖROGLY ETRAP TAPGYRY

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi Görogly etrabynyň bilim we medeniýet bölümleri bilen bilelikde, etrap medeniýet öýünde ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 3 – 5-nji synp okuwçy oglanlarynyň arasynda yglan edilen «Merdana nesil – 2024» atly şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyryny geçirdi. Oňa bäsleşigiň mekdep tapgyrlaryndan öňe saýlanan okuwçy oglanlaryň onlarçasy gatnaşdy. Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, okuwçy oglanlar üç şert boýunça bäsleşip, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Olar türkmen halkyna mahsus bolan merdanalygy, Watana bolan söýgülerini, ýürek buýsançlaryny çeper sözleriň üsti bilen beýan etdiler, aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Ruhubelent nesliň şorta sözleri aýtmakdaky başarnygy hem uly täsirleri döretdi. Bäsleşigiň dowamynda onuň şertlerini talabalaýyk ýerine ýetirip, has tapawutlanan çagalaryň çykyşlaryna eminler topary mynasyp baha berip, ýeňijileri kesgitledi.

     «Merdana nesil – 2024» atly şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyrynda 41-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Atageldi Ataýew I, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 50-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Aýly Güýçmyradow II, 2-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Nyýazmyrat Hydyrow III orunlara mynasyp boldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşan okuwçy oglanlaryň ählisine Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

 

Altyn ATAKOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

 Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar