AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI

     2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda «Türkmenistanyň Maýyplary goldamak merkezi» jemgyýetçilik birleşiginiň guramagynda Aşgabat şäheriniň “Ruhubelent” toý mekanynda Maýyplaryň halkara güni mynasybetli aýdym sazly duşuşyk geçirildi.

     Duşuşygyň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Bagtyýarlyk owazlary” tans toparynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlara tomaşa edildi. Soňra bolsa Hytaý Halk Respublikasynyň ilçihanasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň wekilleri tarapyndan gutlag sözleri aýdyldy we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

     Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda her bir adamyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy üçin döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Täçmuhammet ÇARYÝEW,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet

we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Dekabr 2024 | 0 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI

03 Dekabr 2024 | 23 okalan

EZIZ DIÝARYMYZYŇ EZBER ÝAŞLARY

02 Dekabr 2024 | 34 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI