Bir adam öz ogluny ýedi ýaşynda bilim almak üçin molla beripdir. Oglan ukyply bolandygy üçin okamagy, ýazmagy tiz wagtda öwrenipdir. Kakasynyň oglunyň sowadyndan göwni hoşal bolupdyr.
– Mollaňa meniň salamymy aýt hem-de şu tyllalary oňa ber! – diýip, ogluna birnäçe tylla beripdir. Oglan kakasynyň aýdyşy ýaly, molla tyllalary uzadyp:
– Kakam sizden minnetdar boldy we şuny ugratdy – diýipdir. Molla birbada geňirgenipdir-de puly alman:
– Men saňa heniz onça tylla alar ýaly bilim berip ýetişemok diýipdir. Oglan agşam öýlerine gelende, onuň jogabyny kakasyna aýdypdyr. Kakasy:
– Bilimiň her zerresi altyn ahyry. Men seniň mollaň ýekeje günki sapagyna hem, eger elimde bolsa, dünýe malyny bererdim – diýipdir.»
Hawa, käteler her bir pursadyň şeýle bir manysy bolýar, ony ölçemek hem mümkin däldir. Şol pursat durmuşyň dürli ahwallaryna we olaryň düýpli manylylygyna täsir edýär.