Türkmen obalarynyň birinde agaç ussasy ýaşapdyr. Ol örän tygşytly ýaşaýan ekeni. Bir günem goňşusy onuň ýanyna gelip:
– Näme üçin ýöne pul toplap ýörsüň? Özüň üçin haýry bolmasa, ol pullary näme etjek? – diýip, nagarasyny döwüpdir. Ussa oňa:
– Tygşytlylygymyň sebäbi men gazanjymyň bir bölegi bilen karzymy üzülişmeli bolýaryn, beýleki bölegini bolsa, karz berýärin – diýipdir. Goňşusy onuň nämäni göz öňünde tutýandygyna düşünmändir.
Oňa geňirgenip seredipdir-de:
– Baýlygyň özüňe buýranok, tapanyňy iýip-içip, keýpi-sapada ýaşamaly halyňa, karz hem berýärmiň? Onsoňam seniň, sen ýaly her günde esli gazanç edýän adamyň hem ile bergisi bolarmy? – diýip, gyjalat beripdir. Şonda ylym-bilimiň we hünär öwrenmegiň peýdasyna öz durmuşynda göz ýetiren ussa:
– Hawa, meniň gazanjym az däl, ýöne men onuň üçin öz enemiň hem atamyň öňünde borçly bolup durýaryn. Çünki meniň ilhalar adam bolmagym, degerli hünär edinmegim, bilim almagym üçin olar köp alada etdiler. Men enemiň hem atamyň göwünlerini alýaryn, olaryň islegini berjaý edýärin. Karzymy üzlüşýärin diýýänim, meniň şolaryň öňündäki borjumdyr. Karzyna bermegim bolsa meniň öz ogul-gyzlarymyň ile gerekli adamlar bolup ýetişmegi üçin edýän aladalarymdyr. Men gazanjymyň köp bölegini olaryň ylymly adam bolmagy, hünär öwrenmekleri üçin aýaýaryn. Ertirki gün meniň gurbatym gaýdar. Olar maňa hossar bolarlar. Meni goldarlar we hözirli durmuşda ýaşaryn. Görşüň ýaly, goňşy, meniň ömrümiň her güni hem şu baglanyşykda geçdi – diýip, oňa munuň sebäbini düşündiripdir.
Goňşusy şondan soň köp pikirlenipdir.