GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» ATLY KITABYNDAN

     Adamyň saglygy üçinem wagtly-wagtynda iýip-içmegiň peýdasy uludyr. Muny alymlar hem subut edýärler. Gürrüň berjek indiki tymsalym bolsa, köp halklaryň arasynda ýaýrapdyr. Bir adam içiniň agyrýandygyndan nadyl bolup, lukmanyň ýanyna barypdyr. Lukmanam onuň gözüni barlap görýär. Şonda hassanyň jany ýanyp, oňa:

     – Lukman, men gözüm agyrýar diýip gelmedim – diýýär.

     Lukman:

     – Eger seniň hakykatdanam gözüň sagat bolsa, iýip-içýän zadyňy mazaly seljererdiň. Özüňe nämäniň ýarap, nämäniň hem ýaramajakdygyny bilerdiň – diýip, jogap berýär. Bu rowaýatda hem iýip-içmegiň üns berilmeli taraplary baradaky pikir gozgalýar. Şular ýaly rowaýatlar ylmy esaslandyrmalara eýe bolup, dogry ýaşamagyň kadalaryny ündeýär. Nyzamylmülküň «Syýasatnama» atly meşhur kitabynyň döredilmeginiň taryhy baradaky gürrüňe hem şu ýerde ünsüňizi çekmekçi. Nyzamylmülk Alp Arslanyň we Mälik şanyň döwründe wezirlik edip, ol Seljuk döwletiniň Beýik weziri diýen ady alypdyr. Otuz ýyllap Beýik wezir wezipesini berjaý edip, görnükli şahsyýet hökmünde uly abraýa eýe bolupdyr. Merwiň soltany Soltan Muhammet (Alp Arslan) ogly Abyl Talf Mälik şa 1091-nji ýylda ýanyna köşk emeldarlaryny çagyryp:

     – Biziň döwletimiz hakda her biriňiz özbaşdak oýlanyp görüň. Synlaň, onda näme ýaramazlyk bar hem-de köşkde, döwlet kabul edişliklerinde we ýygnaklarynda nämeler berjaý edilýär. Bize mälim bolmadyk ähli zatlary ýazyň. Bu bize geljekde ýagdaýlara dogry baha bermegimiz, ýaramazlyklary köki bilen ýok etmegimiz üçin gerek – diýipdir hem-de olaryň ýazgylary esasynda bir kitap taýýarladypdyr. Kitabyň mazmuny barada 1092-nji ýylda Nyzamylmülk Omar Haýýam bilen söhbet edipdir. Şeýle taryhy wakalar alymlaryň döwleti dolandyrmak işinde uly orun eýeländiginden habar berýär. Alymlaryň durmuşyny nusga edip, il-halkymyz adalatly ýaşamagyň pentlerini hem ündäpdirler. Ylymly adamyň mertebesiniň ýokarydygyny, şonuň esasynda düşündiripdirler. Ynha, şolaryň biri Gündogar akyldarlarynyň adynyň dünýä meşhurlygynda mynasyp orny bolan Ferdöwsiniň meşhur «Şanamasy» hakyndadyr. Ol özünden öňki ýazylan «Şanamalary» jemläp, täze eser ýazypdyr. Türkmenleriň Gaznawular hökümdarlygyna baştutanlyk eden Mahmyt sultan şahyra bu kitaby ýazmagy tabşyryp, onuň her bendine bir tylla teňňe bermegi öň wada eden ekeni. Ýöne oňa kümüş teňňe berýär. Şahyr ol kümüş teňňeleri ýanyndakylara paýlaýar. Soň soltan bu eden işiniň dogry däldigi hakynda pikirlenýär we Ferdöwsä wada beren tyllalaryny ugradýar. Tyllalary welin oňa gowşuryp ýetişmeýär. Şol gün meşhur şahyr aradan çykan eken. Altyn almakdan onuň gyzy hem ýüz dönderýär. Soltan şol tyllalary alyp, Nişapur bilen Merwiň aralygyndaky kerwensaraýy täzeden gurmagy tabşyrypdyr. Her bendi bir tylla deňelen «Şanama» 60 müň bentden ybarat bolup, ondaky:

Bir köşk saldyrdym – şygyrdyr nagşy,

Ýykmaz ony gyşyň ýeli, ýaz ýagşy.

Mundan buýan ölmerin men, diri men,

Ajap söz ýaýradanlaň biri men

     – diýen setirler asly tusly Ferdowsä degişlidir.

Meňzeş habarlar