Alymlaryň durmuş ýoly barasynda hem köp rowaýatlar size tanyşdyr. Şolaryň birinde şeýle diýilýär:
«Bir gezek Merwde güýçli ýagyş ýagypdyr. Abdylla ibn Mübärek Merweziniň palçykly ýoldan barýanyna onuň halypasynyň gözi düşüpdir. Ol ýaş alymyň taýyp ýykylmagyndan ätiýaç edip, onuň yzyndan gygyrypdyr:
– Oglum, seresap bol, birden taýaýmagyn! Abdylla onuň bu sözüne säginipdir-de:
– Halypam, meniň taýanym bilen hiç zat üýtgemez. Özüm taýaryn, özüm hem turup giderin. Eger halypamyz ýykylsa welin, onuň yzyndan gelýänleriň hem taýyp ýykylmagy mümkin. Soň olary bir-birden ýerinden galdyrmak juda kyn düşer – diýipdir. Şägirdiniň ýaşdygyna garamazdan, pähiminiň-de, ylmynyň- da ýetendigine halypasynyň gözi ýetipdir, ondangöwni bitipdir.