GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» ATLY KITABYNDAN

     Türkmençilikde manysyny tirmeli, nusgalyk pikirler asyrlar aşyp ýaşaýar. Olaryň hümmeti ýyl geçdigiçe, köp aýdyldygyça ýokarlanýar. Rowaýatda aýdylyşyna görä, Aýazhan Mahmyt soltanyň köşgünde işläpdir. Bir gün hem ol soltanyň ýanyndaka, aýagynyň burnuny galdyrypdyr-da, ynjalygyny ýitiripdir. Bu ýagdaý hem çemeçillere ony ýamanlamaga bahana bolupdyr. Olar: «Siziň ýanyňyzda ol gelşiksiz hereket etdi, aýagynyň ujuny birnäçe gezek gymyldatdy. Ol size ýeterlik hormat goýmaýar» diýip, ony ýamanlamaga başlapdyrlar. Soltan bu sözlere üns bermän hem bilýän ekeni. Ýöne ol köşkde adalatsyzlyk döremesin diýip, Aýazhandan şeýle hereket etmeginiň sebäbini sorapdyr. Aýazhan: «Günämi geçiň, mertebeli soltanym! Men şeýle boljagyny bilýärdim» diýip, soltana bolan wakany gürrüň beripdir. Soltanyň ýanyndaka, bir ýerlerden gelip, onuň köwşüniň içine içýan giripdir. Aýazhan özüni soltanyň ýanynda biedep görkezmejek bolup, içýany birinji gezekde silkip aýyrmakdan saklanypdyr. Ol onuň aýagyndan birnäçe gezek çakypdyr. Şonda-da Aýazhan wepadarlygyny edip, çydapdyr. Ahyrynda ol aýagynyň burny bilen içýany basyp öldüripdir. Muny eşiden soltanyň Aýazhanyň mertligine we wepadarlygyna guwanjy artypdyr. Aýazhanyň adynyň meşhurlygynyň asylky sebäbi onuň anyk işleri bitiren taryhy şahsyýet bolanlygyndadyr.

Meňzeş habarlar