AJAÝYP DÖWRÜŇ WASPY

«Arkadagyň ajap eýýamy» atly kitapda hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren kitaplary dogrusynda gürrüň berýän «Arkadagymyzyň kitaplary halkyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny beýan edýär» diýen bölüm hakynda bellemek isleýärin. Bu bölümde şol gymmatly kitaplar dogrusynda giňişleýin gürrüň edilýär. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan kitaplar Gahryman Arkadagymyzyň jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmaga gönükdirilen akyl-paýhasyny, ägirt uly tejribäni özünde jemleýär. Milli Liderimiziň kitaplary jemgyýetiň ösüşiniň, onuň ynsanperwerlik binýadynyň özenini düzýän gymmatlyklaryň beýanyna öwrülýär. Ol neşirler gürrüňsiz suratda jemgyýetiň gymmatly baýlygyna öwrülýär. Aýratyn hem Gahryman Arkadagymyzyň bize peşgeş beren kitaplary ýaşlary terbiýelemekde gymmatly hazynadyr. Ykbal özgerdiji, ruhuňy galkyndyryjy beýik pikirler dana kitaplarda bolýar. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiziň çuň many-mazmuna ýugrulan kitaplaryny okanymyzda aňryýany bilen göz ýetirýäris.

Ýaňy-ýakynda bolsa belent mertebeli döwlet Baştutanymyzyň bitiren beýik işlerine bagyşlanyp, «Arkadagyň ajap eýýamy» atly saldamly kitabyň çap edilmegi bütin halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly sowgat boldy. Şoňa görä, ähli watandaşlarymyz bilen bir hatarda bu täze kitap ýaşlarymyzyň arasynda gyzgyn goldawa mynasyp boldy. Halal zähmet çekip maksada ýetmegiň, abraý gazanmagyň beýik nusgasy bolan bu neşiriň etrabymyzyň ýaşlarynda aýratyn täsir galdyrandygyny-da ýörite nygtamak isleýärin. 2007 — 2017-nji ýyllar aralygyndaky taryhy wakalary öz içine alýan täze kitap «Watanym we halkym diýip urýan ýürek» diýen terjimehal böleginden başlanyp, onda döwlet Baştutanymyzyň çagalygy, ýaşlygy, zähmet ýoluna başlaýşy, hünär taýdan kämilleşişi, ylym ulgamyndaky alyp barýan işleri hem-de ýolbaşçy wezipelerdäki işleri barada beýan edilýär. Mundan başga-da, kitapda «Ata-babalarymyzyň ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmek», «Watany gülledip ösdürmegiň hatyrasyna çekilen zähmet», «Döretmegiň, gurmagyň ýolunda», «Halk bilen jebislikde», «Arkadag — ajap eýýamy dörediji», «Türkmenistanyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde hemmetaraplaýyn berkidilmegi», «Milletiň Lideriniň ykdysady strategiýasy durmuşa geçirilýär», «Türkmenistanyň Prezidentiniň durmuş syýasaty: «Döwlet adam üçindir!», «Jemgyýetiň ruhy-medeni durmuşyndaky özgertmeler», «Türkmenistanyň daşary syýasaty we halkara gatnaşyklary», «Seýrek duş gelýän boş wagtlarda hem Watan hakyndaky oýlanmalar, halk hakyndaky aladalar gurşap alýar», «Aşgabat — 2017-niň» senasy», hem-de «Jemleme» ýaly bölümler bar.

Ogultäç GURTGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Gökdepe etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

“Nesil” gazeti,

18.07.2017ý.

Meňzeş habarlar

16 Awgust 2025 | 805 okalan

AWAZA — DOSTLUK WE PARAHATÇYLYK DEŇZI

15 Awgust 2025 | 224 okalan

YLMA, KÄMILLIGE GIŇ ÝOL