KENARDA ÝAŇLANÝAR ÇAGA GÜLKÜSI

Hazaryň ajaýyp ekologiýa taýdan arassa kenarynda döredilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan, ylhamyndan, yhlasyndan dörän dür-merjenidir. Tomus paslynyň gelmegi bilen bu gözel kenarda hereket edýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň şatlyk-şowhuny has-da artýar. Deňiz kenaryny ýakalap oturan “Daýanç”, “Arzuw” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen çagalara sapaly tomsuň ýakymly pursatlaryny bagyş edýär. Joşgunly Hazaryň kenarynda geçirilýän medeni çäreler bolsa täsirliligi bilen biri-birinden tapawutlanýar. Dynç alýan çagalar bilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň dürli ýerlerine gyzykly gezelençler yzygiderli guralýar. “Çarlak” gämisinde gojaman Hazaryň jümmüşine, “Awaza” milli muzeýine guralýan gezelençler çagalarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrýar. Awazanyň görküne görk goşup, deňiz kenaryny jähekläp oturan “Älemgoşar”, “Jadyly kenar” attraksionly seýilgähleri we “Deňiz merjeni” seýilgähi hemişe köp adamly bolýar. Bu oýun attraksionly seýilgähler deňiz gözelligi bilen utgaşyp, öz goýnundaky myhmanlaryna egsilmejek ýakymly duýgulary bagyşlaýar. Çagalaryň we ýetginjek oglan-gyzlaryň şadyýan gülki sesleri bu ýeriniň şowhunyny has-da artdyrýar. Seýilgähleriň her bir nokadynda şowhun-şagalaň dowam edip, ir ertirden giç agşama çenli çagalaryň gülki sesleri ýaňlanýar. Mahlasy, bu ýerde dürli oýunlary oýnamak üçin meýdançalaryň, oýun oýnalýan awtomatlaryň, attraksionlaryň we dürli çaga oýnawaçlary bolan “Çagalar dünýäsiniň” giden toplumynyň döredilmegi diňe bir körpeleri däl, eýsem, uly ýaşlylaryň hem ünsüni özüne çekýär.

Çagalaryň gyzykly tomusky dynç alyş günleriniň her bir pursadynyň täsirli, mazmunly geçmegi ugrunda TMÝG-niň Türkmenbaşy şäher geňeşi tarapyndan hem dürli medeni çäreler guralýar. “Balkan” dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda “Hazar gözelligi” ady bilen asfaltyň ýüzünde surat çekmek boýunça geçirilen bäsleşik örän täsirli boldy. Çagalar özleriniň çeken suratlarynda gözel tebigatymyzy, onda duş gelýän haýwanlary, gözel Awazanyň keşbini reňkler arkaly ussatlyk bilen beýan etdiler. Bu bäsleşik ökde, zehinli ýaşajyk suratkeşleri ýüze çykardy. Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän Hazar döwlet goraghanasynyň “Tebigat” muzeýine “Gözel tebigatymyza söýgi” ady bilen guralan gezelenç hem körpeler üçin diýseň gyzykly boldy. Muzeýde olar gyzylgaz, guw, ördek, çarlak ýaly deňiz guşlarynyň bekre, çortan, iňňe balyklarynyň şekillerini uly gyzyklanma bilen synladylar.

Wagtlaryny şatlykly, manyly geçirýän çagalaryň kalbynda Gahryman Arkadagymyza bolan söýgüsi, alkyşlary çäksizdir. Biz muny çagalaryň aýdýan aýdym-sazly owazlarynda, çalýan mukamlarynda, joşgunly tanslarynda aýdyňlygy bilen duýýarys. Ýaş nesillerimiziň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, sapaly dynç almagy üçin giň mümkinçilikleri döredýän mähriban Arkadagymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Ýaşlaryň durmuşyny günsaýyn gözelleşdirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Süleýman HALLYGYLYJOW,

Balkanabat şäherindäki 3-nji orta mekdebiň okuwçysy:

— Ähli ajaýyplyklary özünde jemleýän gözel Awazada dynç alýanyma diýseň begenýärin. “Awaza” milli muzeýine bolan gezelenç biz üçin has-da täsirli boldy. Deňiz haýwanlary bilen has ýakyndan tanyşdyk. Türkmen tebigatynyň gaýtalanmajak özboluşly syrlarynyň bardygyna göz ýetirdik. Bu ýerde deň-duşlarymyz bilen dostlaşdyk. Olaryň arasynda aýdym aýdýanda, goşgy ýazýanda, gimnastika bilen meşgullanýanda bar. Biz wagtymyzy örän hoş geçirýäris.

Nurmyrat BAÝRAMOW,

Bereket etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň okuwçysy:

— Biz toparymyz bolup, merkezimizde guralýan çärelere işjeň gatnaşýarys. Futbol oýnamagy, guralýan döredijilik bäsleşiklerine gatnaşmagy diýseň gowy görýäris. Ýakynda bu ýerde “Tebigat gözelligini goralyň!” atly ekologiki oýun bäsleşigi geçirildi. Onda toparymyz durmuşy wakalaryndan käbir pursatlary gysgajyk sahnalaşdyrdylar. Merkezara geçirilen bu bäsleşikde toparymyz şowly çykyş edip, üstünlik gazandy. Bize şeýle bagtyýar durmuşy bagyş eden Gahryman Arkadagymyza hemişe alkyş aýdýarys.

Kyýas GARAÝEW,

TMÝG-niň Türkmenbaşy şäher geňeşiniň başlygy.

“Nesil” gazeti,

22.07.2017ý.

Meňzeş habarlar

16 Awgust 2025 | 810 okalan

AWAZA — DOSTLUK WE PARAHATÇYLYK DEŇZI

15 Awgust 2025 | 225 okalan

YLMA, KÄMILLIGE GIŇ ÝOL