Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň, Türkmenbaşy dokma, jins toplumlarynyň, şeýle-de “Türkmenistan” teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň çapdan çykmagy we hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Söhbetdeşligiň barşynda Gahryman Arkadagymyzyň çeper eserleriniň ýaş nesiller üçin gymmatly hazynadygy, olaryň türkmen halkynyň ruhy we medeni gymmatlygyna öwrülendigi, şeýle-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýeti, häzirki wagtda bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk toýuna görülýän taýýarlyklar dogrusynda gürrüň edildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar gadymy hem-de baý mirasymyzy ählitaraplaýyn öwrenmäge, olaryň ähmiýetini dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny, alym Arkadagymyzyň şeýle ajaýyp eserleriniň bolsa höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.
Osman AŞYROW,
Türkmenbaşy dokma toplumynyň adyndaky
Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.