Düýn Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýeti hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabyny ýaşlara tanyşdyrmak hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli, şeýle hem türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiliginiň dünýä edebiýatynda eýeleýän ornuny, ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen, «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly aýdym-sazly çäre geçirildi.
Çäre Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleriniň, işjeň agzalarynyň, talyp ýaşlaryň, mekdep okuwçylarynyň, harby okuwçylaryň, şeýle hem halypa ýazyjy-şahyrlaryň gatnaşmagynda geçirildi.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy Maýsa Saryýewa, «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktory Ogulmaýsa Allaberdiýewa, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil, Edebiýat we Milli Golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Gurbanjemal Ylýasowa, Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň “Türkmen edebiýaty” kafedrasynyň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Amannepes Şyhnepesow hem-de «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory Rahmet Gylyjow ýaly halypalar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda halkara dost-doganlygy, parahatçylygy berkitmek ugrunda alyp barýan işleri, gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly atamyzyň döredijiligi barada ýaşlara giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary diňlenildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy hem-de ýetip gelýän Halkara Bitaraplyk güni bilen ähli türkmen halkymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden gutladylar.
Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.